Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Airbagsyz ulaglar ýurda goýberilmez


Ýurda getirilýän howpsuzlyk ýassyksyz awtoulaglaryň ählisi diýen ýaly Orsýetde öndürilýän awtoulaglar.
Ýurda getirilýän howpsuzlyk ýassyksyz awtoulaglaryň ählisi diýen ýaly Orsýetde öndürilýän awtoulaglar.

Ýurda awtoulaglaryň getirilmegine täze çäklendirme girizilýär. Indi airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – Redaktoryň belligi) bolmadyk awtoulaglar ýurda goýberilmez. Bu täze düzgüniň 1-nji aprelden girizilýändigini paýtagtyň gümrükhanasynyň işgäri aýdýar.

Gümrükhananyň öz adyny aýtmakdan saklanan işgäriniň sözlerine görä, bu çäklendirme sürüjileriň howpsuzlygy üçin edilýär. “Ýol hadysalary köp. “Poduşkasy” (ýassygy) bolmadyk maşyndakylaryň arasynda ölüm köp bolýar. Şonuň üçin bu çäklendirme girizilýär”.

Şol bir wagtda hem häzire çenli bu düzgüniň girizilýändigi hem-de asla näme üçin girizilýändigi barada ilata resmi taýdan hiç hili bildiriş ýa-da düşündiriş berilmeýär. Bu barada resmi dokument hem çap edilenok. Bu barada ýurduň Gümrük gullugynyň öz resmi saýtynda hem hiç hili habar berilmeýär.

Şol bir wagtda hem bu täze düzgüniň, onuň indiki aýyň başyndan girizilýändigine garamazdan, eýýäm birnäçe günden bäri howpsuzlyk ýassygy bolmadyk awtoulaglary ýurda salyp bilmeýänleriň bardygy aýdylýar. Paýtagtly Arslanyň aýtmagyna görä, ol 5 sany awtoulagyny Gazagystan bilen aradaky serhetden ýurda geçirip bilmän kösenýär.

“Meniň inim häzir şol ýede. Gümrükhanada aprelden güýje girýär bu düzgün diýsek, tapawudy ýok, eýýäm girizmeli däl. Ýokardan buýruk bar diýdiler” diýip, Arslan gürrüň berýär.

Ýurda getirilýän howpsuzlyk ýassyksyz awtoulaglaryň ählisi diýen ýaly Orsýetde öndürilýän awtoulaglar. Esasan hem WAZ awtozawodynyň ”Žiguli”, ”Lada” awtoulaglary.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurtda soňky döwürlerde awtoulaglar bilen bagly girizilýän çäklendirmeler diňe bu gadagançylyk bilen gutaranok. Awtoulaglaryň daş keşbi bile bagly hem gadagançylyk girizilipdi.

Geçen ýyl polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy paýtagtdaky hususy awtoulaglaryň tekerlerine dakylan gara reňkli diskleri gadagan etdi.

Şeýle-de “Toýota” awtoulaglarynyň “Kemri”, “Korolla” ýaly görnüşleriniň yzky we öňündäki bamperleriniň zawoddan çykanda goýlan spoýleri hem gadagan edildi. Mundan başga-da, awtoulaglaryň aýnasynyň garaldylmagyna hem gadagançylyk girizildi.

Awtoulaglar babatynda girizilen bu gadagançylyklaryň sebäpleri barada ýurduň ilatyna resmi taýdan maglumat ýa-da bildiriş berlenok.

XS
SM
MD
LG