Diňle

Häzir efire gidýär

Irki programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Baş habarlar

Türkmenistan we Ysraýyl dialogy giňeltmekçi Audio

Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletara dialogy we parlament gatnaşyklaryny aktiwleşdirmekçi. Bu barada 9-njy martda Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Tsur Aşgabada öz saparynyň dowamynda türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen bolan gepleşikde mälim etdi. Has doly

Eýran, Sudan, Kuba üçin internet has elýeterli bolar Audio

ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Eýran bilen bir hatarda beýleki birnäçe ýurda internet hyzmatlaryny hödürlemek boýunça düzgünlere ýeňillikler girizmegi "Google" ýaly iri internet kompaniýalary tarapyndan gowy garşylanyldy. Şol proýekte Gündogar Afrika çenli deňziň düýbi bilen uly kabel çekmek plany hem girýär. Has doly

ÝB-niň baş diplomaty ileri tutýan syýasatyny gaýtalady

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň 10-njy martda Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda adamlara ýetiren täzeligi bolmady. Ýewropa Bileleşiginiň Birleşen Ştatlar ýa Orsýet ýaly strategik partnýorlar bilen nähili iş salyşmalydygy barada orta atylan täze pikir ýok. Has doly

Ýapon delegasiýasynyň sapary möhüm Audio

Şu günki gün demokratik dünýäniň Türkmenistana nähili göz bilen garaýandygyna Aşgabada gelen ýapon delegasiýasynyň mysalynda syn etmek mümkin. Ýaponiýanyň Aziýada demokratik eksperimentleriň şowly geçen ýurdy bolanlygy üçin ýapon delegasiýasynyň sapary möhümdir. Has doly

«Ak pamyk» ýagy halkyň islegini gazandy

Baýramalynyň ýag kombinaty gaty ir döwürlerde gurlan. Öňki döwürde-de özüniň pagta çigidinden alýan ýagy bilen belli bolan bu ýag zawody häzirki wagtda Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasyna degişli kombinata öwrüldi. Daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryň kämilleşmegi türkmenlere köp zatlary öwredýär. Has doly

Kommentariýa

Türkmen “perestroýkasy” halkyň goldawyna mätäç Audio

Türkmenistanda häkimiýet, has takygy prezidentiň özi, özgerişler üçin şu wagta çenli aktiwlik görkezmäge aýgyt edip bilmedik ýönekeý adamlaryň goldawyna mätäç. Has doly

Baglaryň ekilişine oýlanyşykly çemeleşmeli

4-nji martda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradow çykyş edip, Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak işleriniň alnyp barlyşyna geçirilen barlaglaryň netijeleri barada ýurduň prezidentine hasabat berdi. Has doly

Repressiw häsiýeti ýok etmek meselesi keserip dur Audio

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow düýbünden täze ideýalary öňe sürdi. Eger olar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylsa, örän ýakyn wagtlarda Türkmenistanda döwlet sistmasynyň häsiýeti özgerip biler. Has doly

Söhbetdeşlik

Yrak türkmenleri saýlawlardan gowy netijä garaşýar Audio

Yrakda 2010-njy ýylyň 7-nji martynda parlament saýlawlary geçirildi. 2003-nji ýylda Saddam Hüseýniň häkimiýeti agdarylandan soňra, bu şol ýurtda geçirilen şeýle üçünji çäredir. Has doly

ÝB resmisi goňşuçylyk strategiýasyny düşündirýär Audio

Ýewropa Bileleşiginiň giňelme we Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty boýunça komissary Stefan Fule bilen Gündogar Partnýorlygy programmasy barada söhbetdeşlik. Has doly

AÖB: “Transowgan gaz proýekti ýatdan çykarylmady” Audio

Aziýa ösüş banky türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýa akdyrjak gaz geçirijisini gurmak barada tagalla edip gelýär. Bu bank ýaňy-ýakynda Aşgabatda öz wekilhanasyny açýanlygyny yglan etdi. Has doly

Radiogepleşikler

Oppozision partiýalar üçin ýol açykmy? Audio

Nobatdaky “Tegelek stol” programmamyzda Türkmenistanda ýakynda yglan edilen köppartiýalylyk, oppozision syýasy partiýalaryň döremek mümkinçilikleri barasynda gürrüň edýäris. Has doly

Bloglar

Şeýle bir toý tutulýar, soň bolsa öý ýykylýar…

Soňky döwürde türkmenler toý tutmakda medeniýetleşýärler. Restoranlaryň uly zallary hiç bir gije boş durmaýar. Pullular, baýlar hakda gürrüň ýok, halys garyp diýenleriňem karz-kowal alýar welin, gelin toýuny restoranda tutýar. Pullurak, gurplurak maşgalalar gyz toýuny-da restoranda tutýarlar. Has doly

Gyzlar äre gaçýarlar

2010-njy ýyl özüniň ilkinji aýlaryndan bir täsin wakasy bilen başlandy. Gyzlar haýran galmaly derejede äre gaçyp başladylar. Gyzlaryň äre gaçmagy ýaly wakalar öňräklerden bärem türkmenleriň arasynda bar. Köplenç ýagdaýda gyzlar halaýan ýigidine berilmedik ýagdaýda gaçýardylar. Has doly

Kim sebäpkär? Kim günäkär?

Welosiped sportunda Gennadiý Lebedew, nyşana ok atmakda Marat Nyýazow, gimnastikada Aman Şanyýazow ýaly Olimpiada oýunlarynyň baýragyna mynasyp bolan, Altymyrat Orazdurdyýew kimin dünýäniň hem Ýewropanyň birnäçe gezek çempiony bolan beýik şahslaryň ýurdundan Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçen soňky Olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçiň sportsmen tapylmadymyka? Has doly

Ýaşlar

Gaitili çagalar Awazada dynç alarlar Audio

Ýakyn wagtlarda Gaitide ýer yrandy we müňlerçe adam heläk boldy. Çagalar hem köp ejir çekdiler. Türkmenistan şu wagta çenli Gaitä ynsanpwerwerlik kömegi hökmünde 500 müň amerikan dollaryny iberdi. Has doly

BILDIRIŞ

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynda radio we internet žurnalistikasy boýunça iş ornunyň açylandygyny yglan edýäris. Iş ýeri Çehiýa Respublikasynyň paýtagty Pragada ýerleşýär. Has doly

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS