Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa taktiki ýadro taýýarlygy türgenleşigini geçirjekdigini aýdýar


"...Günorta Harby okrugynyň raketa düzümleri bilen türgenleşik geçirmäge taýýarlyk görmäge başlady” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi Telegramda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.
"...Günorta Harby okrugynyň raketa düzümleri bilen türgenleşik geçirmäge taýýarlyk görmäge başlady” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi Telegramda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

Günbataryň "prowokatiw beýanatlary" diýilýäne gahary gelen Russiýa, öz sözlerine görä, taktiki ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýarlygyny üpjün etmek üçin, harby türgenleşik geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Moskwa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlaly bäri, Kiýewiň günbatarly ýaranlarynyň Ukraina san we ýarag taýdan has agdyklyk edýän rus güýçlerine garşy durmak ugrundaky göreşde goldaw bermegi bilen, Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar Sowuk uruş gutaraly bäri iň erbetleşen derejesine düşdi.

Goranmak ministrliginiň 6-njy maýda yglan edilen habary, Russiýanyň taktiki ýadro ýaraglary bilen baglanyşykly türgenleşikleri ilkinji gezek aç-açan yglan etmegi Angliýa bilen Fransiýanyň 2 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän konflikte bolan gatnaşygynyň barha artýandygyny yşarat eden beýanatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Strategiki däl ýadro güýçleriniň söweş missiýalaryny ýerine ýetirmäge taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin, Baş ştab ýakyn wagtda awiasiýanyň, şeýle-de Harby-deňiz güýçleriniň gatnaşmagynda, Günorta Harby okrugynyň raketa düzümleri bilen türgenleşik geçirmäge taýýarlyk görmäge başlady” diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi Telegramda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

"Türgenleşik wagtynda strategiki däl ýadro ýaraglaryny taýýarlamak we ulanmak boýunça birnäçe çäre geçiriler" diýip, beýanatda türgenleşigiň geçirilmegini prezident Wladimir Putiniň buýrandygy aýdylýar.

Strategiki ýadro ýaraglarynyň wezipesi front liniýasyndan has uzakda ýerleşýän duşman nyşanalaryny urmakdan ybarat bolsa, taktiki ýadro ýaraglary söweş meýdanlarynda ulanmak üçin niýetlenilen.

Bu türgenleşik, "aýratyn alnan günbatar resmileriniň Russiýa Federasiýasyna garşy eden prowokatiw beýanatlaryna we haýbatlaryna jogap hökmünde”, rus goşunynyň “Russiýa döwletiniň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny üpjün etmek" ukybyny ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýar diýip, beýanatda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron geçen hepde öz ýurdunyň uruşda kömek etmek üçin Ukraina goşun ibermek ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýandygy barada eden beýanatyny gaýtalady.

Britan resmileri bolsa geçen hepde Kiýewe berlen uzak aralyk raketalarynyň Russiýanyň içindäki nyşanalara hüjüm etmek üçin ulanylmagyna hem rugsat beren ýaly göründi.

Britaniýa şu wagta çenli bu ýurda berlen uzak aralyk ýaraglaryň konfliktde diňe özygtyýarly Ukrainanyň çäginde ulanylmalydygyny aýdýardy.

Russiýanyň Günorta Harby okrugy Demirgazyk Kawkaz sebitinde ýerleşýär.

Şu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň gubernatorynyň telegramda aýtmagyna görä, ukrain serhedine ýakyn Borisow etrabynda, Berezowkanyň golaýynda ukrain pilotsyz uçarlary alty adamy öldürdi, ukrain dronlary doňuz fermasyna işçi alyp barýan iki awtobusy urdy. Ukraina garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän habara hiç bir düşündiriş bermedi.

Ukraina her gün diýen ýaly Russiýanyň raketa we pilotsyz uçar zarbalaryna sezewar bolýar we bu zarbalar raýat we energiýa infrastrukturasyna uly zyýan ýetirdi, parahat ilatdan köp adamyň ejir çekmegine, şol sanda çagalaryň ölümine we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Muňa jogap edip, Kiýew Russiýanyň içindäki energiýa infrastrukturasyny, hususan-da nebiti gaýtadan işleýän desgalary nyşana aldy.

Forum

XS
SM
MD
LG