2-nji maýda ABŞ-nyň Kongresi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky täze baş ilçisi hökmünde Elizabet Rudy (Elizabeth Rood) tassyklady. Bu barada Kongresiň websaýtynda habar berilýär.
Rud bu wezipä ilki 2022-nji ýylyň awgustynda hödürlenipdi.
Rud, öz işinde gazanan uly netijeleri üçin Döwlet departamentiniň ençeme sylagyna, şol sanda diplomatik gullugyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin berlen baýraklara mynasyp boldy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri Mätýu Stiwen Klimow (Matthew S. Klimow) ýerine ýetirýär.