Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Russiýada işlemekden hiç bir many görmeýäris". Daşary ýurtlulara taksi sürmegiň gadagan etmegi barada, migrantlar näme pikir edýärler?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýada "Crocus City Hall" konsert zalyna edilen hüjümden soň, bu hüjümde güman edilýän täjik graždanlaryndan howatyrlanyp, onlarça sebitiň häkimiýetleri migrantlaryň ýolagçy gatnatmak, taksilerde we beýleki pudaklarda işlemek hukugyny çäklendirdiler. Aýdylýan resmi pikirlere görä, şeýle çäreler "ýerli ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek maksady bilen" geçirilýär.

Şeýle karara gelinmegi, esasan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan – Täjigistandan, Gyrgyzystandan hem Özbegistandan bolan migrantlara agyr zyýan ýetirdi.

Işsiz galan migrantlaryň köpüsi eýýäm Russiýadan watanyna dolanýarlar ýa-da bu barada oýlanýarlar.

"Migrant Media" proýektiniň žurnalistleri Nowosibirskde ýaşaýan we işleýän gyrgyzlar bilen söhbetdeş boldular: olaryň köpüsi häzirki çäklendirmeler bilen indi Russiýada işlemegiň oýlanyşykly çäre däldigini boýun aldylar.

Orsýetiň Nowosibirsk oblastynyň häkimiýetleri aprel aýynyň ortalarynda, migrantlara taksilerde, şeýle hem alkogolly içgilerini we temmäki önümlerini satýan dükanlarda işlemegi gadagan etdiler.

«Biz bu habary [işiň gadagan edilmegini] ýaňy-ýakynda bildik. [Taksi] sürüjileriň köpüsi häzir näme etjegini bilmeýärler — diýip, asly Gyrgyzystandan bolan, Nowosibirskde ýaşaýan migrant Kerim gürrüň berýär. — Eýýäm gidenler hem bar. Köp adam her nähili-de bolsa, indi kadaly işlemäge rugsat berilmejegi barada oýlanyp, yzyna gaýtdylar. Men işlemegimi dowam etdirýän. Ykbala bil baglaýaryn. Näme bolsa bolar-da. Häzire çenli meni hiç kim saklamady ýa-da barlamady».

Nowosibirskdäki gyrgyz diasporasynyň wekilleri girizilen çäklendirmeleriň gyrgyz graždanlaryna degişli däldigini aýdýarlar.

«Bu gadaganlyk patent esasynda işleýän Özbegistanyň we Täjigistanyň graždanlaryna degişli. Ýöne ýol polisiýasynyň işgärleri eýýäm hemmeleri yzly-yzyna saklap, olara: “Hä, sen rus dälmi? Näme üçin taksi sürüjisi bolup işleýärsiň? Muňa seniň hakyň ýok" diýýärler – diýip, Nowosibirsk şäherindäki ‘Asman Gyrgyz’ diasporasynyň wekili Žusupmuhamad Turdubaýew aýdýar. — Eger-de biziň sürüjilerimiz saklansa, olar bize jaň edýärler, biz olaryň ýanyna howlugýarys. Biz dawalaşýarys, kanunda nämäniň bardygyny we näme edilýändigini aýdýarys. Käte biz migrantlaryň goýberilmegini gazanýarys».

«Düýnüň özünde iki adamy sakladylar. Olaryň birini ertesi irden goýberdiler. Dogrusyny aýtsam, takside işlemek örän kynlaşdy. Bize özleriçe iş tapýanlar diýip gürrüň edýärler. Şeýle-de, taksi gulluklarynyň öz nyrhyny ýokarlandyrmak isleýändigini aýdylýar. Eger şeýle bolsa, onda takside işlemegiň manysyna düşünmeýäris» diýip, Kerim gürrüň berýär.

Gyrgyzystanly Kerim alty ýyl bäri Nowosibirskde taksi sürüjisi bolup işleýär. Onuň sözüne görä, güýç ulanyjylar Orsýetdäki migrantlary hemişe saklap hem barlap gelýärler, emma Moskwada bolan terrorçylykly hüjümden soň, olaryň gözegçiligi has ýowuzlaşypdyr.

«Olar öň hem ýolda saklaýardylar, eger dokumentleriň ýerbe-ýer bolsa, onda haýal etmän goýberýärdiler. Indi derrew bölüme äkidýärler. Olar seni agşama ýa gijesi bilenem ol ýere saklap bilýärler. Ähli işgär ýerinde ýok ahyryn. Şeýlelikde, bölümiň işgärleri gelýänçä, sürüjileri ertire çenli saklaýarlar. Öň bolsa meseläni derrew çözüp, soňra goýberýärdiler» diýip, ol aýdýar.

Orsýetde jemgyýetçilik transportynda migrantlaryň işine çäklendirmeler, şol sanda taksi sürüjileri öz içine alýan gadaganlyk tizden ondan gowrak sebitde, şol sanda Woronež oblastynda we Kamçatkada hereket edip başlaýar. Migrantlara ownuk söwda pudagynda işlemäge gadagançylyk Tula, Kaluga, Çelýabinsk sebitlerinde, şeýle hem Ýakutiýada, hatda basyp alnan Krymda kabul edildi.

«Eger bu dowam etse, men Gyrgyzystana dolanaryn. Biziň köpimiziň pikirlerimiz şeýle. Keseki ýurtda şeýle horluk çekeniňden, ol ýerden gideniň gowy» diýip, Kerim aýdýar.

Geçen ýylyň ahyrynda "Yandex.Taksi" gullugy özüne 80 müňe golaý sürüjiniň ýetmezçilik edýändigini habar berdi. Kompaniýa munuň sebäpleriniň biri hökmünde, migrantlaryň sanynyň azalmagy diýip görkezdi. Köpler Orsýetden pandemiýa döwründe çykyp gidipdi, soň olar yzyna dolanmadylar, beýlekiler bolsa Orsýetiň Ukraina garşy basybaljylykly hüjümlerinden we rus rublynyň hümmetiniň kesgin pese düşmeginden soň çykyp başlady. Täze çäklendirmeleriň netijesinde, Orsýetde işçi güýjüniň ýetmezçiligi has-da artyp biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG