Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIPRI: Russiýanyň 2023-nji ýyldaky harby harajatlary SSSR darganyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi


HIMARS tapgyrlaýyn raketa atyş ulgamy, Ukraina. (arhiw suraty)
HIMARS tapgyrlaýyn raketa atyş ulgamy, Ukraina. (arhiw suraty)

2023-nji ýylda bütin dünýäde harby çykdajylar görlüp-eşidilmedik derejede artdy, şol bir wagtda, Russiýada harby çykdajylar SSSR darganyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi, Ukrainada bolsa bütewi içerki önüme garanyňda, harby çykdajylaryň dünýäde iň ýokary bolandygy hasaba alyndy. Bu barada Stokgolm Halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň (SIPRI) hasabatynda aýdylýar.

Hasabatyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek 2023-nji ýylda harby çykdajylar dünýäniň bäş geografiki sebitiň hemmesinde, SIPRI tarapyndan kesgitlenmegine görä, 6,8% artyp, çykdajylaryň möçberi 2,44 trillion dollara barabar boldy. Aýratyn-da, ýaraglanyşyga sarp edilýän çykdajylar Ýewropada, Aziýada, Okeaniýa ýurtlarynda we Ýakyn Gündogarda artdy.

"Goranyş harajatlarynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede artmagy parahatçylygyň we howpsuzlygyň global ýaramazlaşmagyna gönüden-göni jogap bolup durýar. Döwletler harby güýji ileri tutmak bilen, gitdigiçe durnuksyzlaşýan geosyýasy we howpsuzlyk şertlerinde, “garşy durmak” hereketine aralaşmaga töwekgelçilik edýärler” diýip, SIPRI-niň harby çykdajylar we ýarag öndürmek programmasynyň baş ylmy işgäri Nan Tian belleýär.

Geçen ýyl Russiýanyň ýaraglanyşyga sarp eden harajatlary 24% artdy, bu bolsa hasabatyň awtorlarynyň berýän bahasyna görä, 109 milliard dollardyr. Bu görkeziji 2014-nji ýylda, Orsýetiň Krymy anneksiýa eden döwründen 57% köp.

2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň goranmak üçin kabul eden çykdajylary federal býujetiniň çykdajy böleginiň 16%-ne ýetdi ýa-da bütewi içerki önümiň 5,9% deň. Şeýlelikde, Orsýetiň harby çykdajylary SSSR darganyndan bäri hasaba alnan derejesinden, has artdy diýip, SIPRI nygtaýar.

"Orsýetiň 2023-nji ýylda harby harajatlary baradaky maglumatlar 2022-nji ýylda Ukraina garşy doly möçberde hüjümlere başlamagyndan soň, rus maliýe edaralarynda, maglumatlaryň ýygşyrylmagynyň artmagy sebäpli, sanlar örän näbelli. Mundan başga-da, Russiýada býujet serişdelerinden başga-da, býujetden daşary çeşmeler saýylýan kärhanalardan, şahsy hasaplardan we guramalardan, harby ulgama pul bölünip berilýär” diýip, hasabatda aýdylýar.

Häzirki wagtda Russiýa harby çykdajylar boýunça dünýäde üçünji orny eýeleýär, ol diňe ABŞ-dan (916 milliard dollar) we Hytaýdan (296 milliard dollar) yza galýar diýip, hasabatyň awtorlary belleýärler.

Ukrainada 2023-nji ýylda harby çykdajylar 51% artyp, 64,8 milliard dollara ýetdi. Bu ýurduň bütewi içerki önümiň 37%-i we ähli döwlet harajatlarynyň 58%-i bolup durýar.

Şol bir wagtda, Ukrainanyň goranyş harajatlary Orsýetiň 59%-ne barabardyr. Ukrainanyň 35 milliard dollara barabar bolan Günbatar ýurtlaryndan alan harby kömegi bilen bilelikde, degişlilikde, rus harajatlarynyň 91%-ne deň bolýar diýip, hasabatda aýdylýar.

NATO-nyň ähli ýurtlarynyň arasynda, ABŞ köp ýyllaryň dowamyndan bäri harby harajatlar babatda liderlik edýär. 2023-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň

goranmak býujeti Demirgazyk Atlantik bileleşiginiň agzalarynyň umumy harby harajatlarynyň 68%-ni düzdi.

Hasabatyň awtorlarynyň bellemegine görä, NATO-nyň Ýewropa ýurtlarynyň arasynda, harby harajatlaryň iň uly artmagy Polşada bolup, ol 75% – 31,6 milliard dollara çenli artdy. Bu dünýäde iň uly goranyş býujetiniň möçberi boýunça, 14-nji orun hasaplanýar.

"Soňky iki ýylyň içinde, Ukrainada barýan uruş NATO-nyň agzalary bolan Ýewropa döwletleriniň arasynda, howpsuzlyk ulgamyna bolan garaýyşy düýpgöter üýtgetdi. Bu üýtgeşme harby çykdajylara bütewi içerki önümden bölünip berilýän çykdajylaryň artandygyny görkezýär. Şol bir wagtda NATO-nyň maksady goranyş üçin, bütewi içerki önümiň iki göterimi harçlamak, göz öňünde tutulýardy, muňa hökman ýetilmeli sepgit däl-de, başlangyç esas hökmünde garalýar" diýip, SIPRI-niň harby çykdajylar we ýarag öndürmek programmasynyň barlagçysy Lorenzo Skarazzato aýdýar.

Hytaýda goranyş çykdajylarynyň ýyllyk ösüşi 6% deňdir. Şol bir wagtda, Hytaýda 29 ýyldan bäri harby harajatlaryň ösüşine yzygiderli syn edilýär diýip, habarda bellenýär.

Şol bir wagtda, Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň artmagy netijesinde, sebitiň birnäçe ýurtlarynda, harby çykdajylar artdy. 2023-nji ýylda Ýakyn Gündogarda harby çykdajylaryň umumy möçberi 9% artyp, ol 200 milliard dollara çenli bardy. Bu bolsa soňky on ýylyň içinde, sebitde iň ýokary ösüş depgini boldy. Şeýlelikde, Ysraýylyň goranyş býujeti 24% ösüp, bu görkeziji 27 milliard dollardan gowrak boldy. Eýranda hem goranyş harajatlary 10,3 milliard dollar boldy.

SIPRI – Bütindünýä barlag instituty bolup, dünýäde ýaraglaryñ harçlanyşy we dolanyşygy baradaky maglumatlary sistemalaşdyrýar we global hem sebitleýin howpsuzlyk meselelerini öwrenýär. Institutda analitika, ekspert kommentariýalary, açyk maglumatlar esasynda reýtingler düzülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG