Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda nobatdaky mejbury çärä gatnaşyjylar günüň aşagynda ençeme sagatlap el çarpmaly boldular


Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşan býujet işgärleri (Arhiw suraty)
Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine gatnaşan býujet işgärleri (Arhiw suraty)

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki atçylyk sport toplumynda öňümizdäki ýekşenbe güni belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köpçülikleýin mejbury çäreleriň ýene biri geçirildi.

Döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin geçirilen çärede edara-kärhanalaryň işgärleri we orta mekdepleriň okuwçylary ençeme sagatlap günüň aşagynda durup, el çarpmaly boldular. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Bedew at aýlawynda geçirilen uly çärä mugallymlaryň, lukmanlaryň, bank işgärleriniň we okuwçylaryň ýüzlerçesi gatnaşdyryldy. Adatça bolşy ýaly, olar milli egin-eşikli geldiler” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Bu ýyl bu sene 28-nji aprele gabat gelýär.

Bu sene mynasybetli döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin geçirilen çärede gatnaşyjylar günüň aşagynda durup, şowhunly el çarpmak we baýdaklary galgatmak ýaly talaplary ençeme sagatlap ýerine ýetirmeli boldular.

Sebitde howanyň temperaturasy 30 gradusa çenli ýetýän şu günlerde bu ýagdaý, býujet işgärleriniň köpüsinde nägilelik döretdi. Olaryň arasynda nägileliklerini öz edara ýolbaşçylaryna aç-açan beýan edenler hem boldy.

“Mugallymlar, lukmanlar, bank işgärleri “öz işimizi ýerine ýetirmän, günüň aşagynda hiç kime gerek bolmadyk çärede durmaly bolýarys, şu düşürilýän sýomkany hiç kim görmeýär, döwlet telewideniýesini görýän hem ýok” diýip, öz nägileliklerini ýolbaşçylaryna beýan etdiler. Ýolbaşçylar bolsa, “işlejek bolsaňyz, bu zatlara çydamaly bolarsyňyz” diýip, jogap berdiler” diýip, býujet işgäri şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Ministrler kabinetiniň şu aýyň başyndan bäri geçirilýän mejlislerinde degişli resmiler, şol sanda Mary welaýatynyň häkimi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sebitde geçiriljek dabaraly çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berip gelýärler.

24-nji aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň dört işgärine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmalydygy barada karara gol goýdy. Ol bu atlaryň beýlekiler bilen bir hatarda, olaryň “behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünlikleri” üçin dakylandygyny hem belledi.

Türkmenistanda ýurduň media serişdeleri tarapyndan "halkyň milli buýsanjy" häsiýetlendirilýän bedewleriň şanyna her ýyl döwlet derejesinde uly toý tutulyp, dürli dabaralar geçirilýär.

Bu çärelere edara-kärhanalaryň işgärleri, studentler, okuwçylar mejbury gatnaşdyrylýar. Çäreleriň aglabasy döwlet telewideniýesi üçin öňünden ýazgy edilýär. Bu tejribe ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar bu çäreleriň köplenç görgi bolýandygyny, ençeme sagatlap suwsuz we aç saklanýandyklaryny, käte çäreleriň aşa yssy ýa-da sowuk howada geçirilýändigini, bularda gatnaşyjylaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly wakalaryň bolýandygyny onlarça gezek gürrüň berdiler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň media serişdeleri ýurtda baýramçylyk çäreleriniň “uly şowhun bilen bellenendigini” yzygiderli habar berýär, ýöne ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada asla gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG