Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda türkmen bedewiniň güni dabaralanýarka, käbir etraplarda bikanun it we horaz uruşlary geçirildi


Lebap welaýatynda horaz urşy (arhiw suraty)
Lebap welaýatynda horaz urşy (arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Köçeleriň birnäçe sagatlap petiklenmegine we hereketiň çäklendirilmegine getiren dabara býujet işgärleri we talyp ýaşlar mejbury gatnaşdyryldy. Bu aralykda, baýramçylyga gabatlanyp, sebitde bikanun it we horaz uruşlary hem geçirildi.

"30-njy aprelde irden sagat 8:00-da başlan dabara sebäpli toplumyň gabadyndaky Amul köçesi doly petiklendi. Awtoulaglar aýlawly ýollary saýlap, başga köçelerden geçmeli boldular" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 1-nji maýda aýtdy.

Şeýle-de, toplumyň öňünde ýörite platformasy bolan ulag ýerleşdirildi. Döwlet telewideniýesiniň işgärleri bu platformanyň üstünde durup, at çapyşygy we toplumda bolan beýleki aýdym-sazly dabaralary ýazga düşürdiler.

"Bu dabara, adatça bolşy ýaly, býujet işgärleri we talyp ýaşlar mejbury gatnaşdyryldy. Olaryň ählisi meňzeş ak sport egin-eşigini geýipdirler" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Bu ýyl 30-njy aprelde bellenilen bu baýram mynasybetli dabaralar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem geçirildi. Ahal welaýatyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen dabara prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmen media serişdeleri tarapyndan "halkyň milli buýsanjy" häsiýetlendirilýän bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýan mahaly, sebitde käbir adamlar tarapyndan haýwana edilýän sütem hökmünde nägilelik döredýän bikanun it we horaz uruşlary hem geçirildi.

"Her aýda geçirilýän it urşy adatdakysy ýaly gizlin görnüşde, 30-njy aprel güni hem geçirildi. Bu saparky uruş Türkmenabatdan 30 kilometr uzaklykda, Farap şäherçesiniň günbataryndaky bir tokaýlykda gurnaldy. Oňa 400-den gowrak tomaşaçy gatnaşdy" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçymyz bu çäräniň esasan totalizator, ýagny, humar oýnamak üçin geçirilýändigini aýdyp, bu gezek it urşunyň üstünde 20-30 müň manat aralygynda pul goýlandygyny belledi.

"It urşy irden sagat 8-den öýlän sagat 2:30-a çenli dowam etdi" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky kanunynda itleriň synag tutluşyklarynyň ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda, diňe tohum itleriniň arasynda geçirilmelidigi aýdylýar. Şeýle-de, kanunda aýry tohumly we psihikasy deň gelmeýän itleriň arasynda it uruşlaryny geçirmek – itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär.

Mundan başga-da, sebitde bikanun horaz urşy hem geçirildi. Habarçymyzyň maglumatyna görä, Saýat etrabynyň bir obasyndaky howly jaýda gizlin görnüşde geçirilen uruş 29-njy aprelde giçlik sagat 6:00 töwereginde başlandy we 30-njy aprelde irden sagat 10:00 töwereginde tamamlandy.

"Bu horaz urşy 14 sagat çemesi dowam etdi. Oňa Aşgabatdan we Marydan ýörite tomaşaçylar hem gatnaşyp, olar hem totalizatora goýum etdiler. Totalizatorda 30-40 müň manat aralygynda pul goýuldy. Tomaşaçylaryň her biri urşuň geçirilýän ýerine girmek üçin 20 manat tölediler" diýip, habarçy horaz urşunyň geçirilen ýerinde dürli naharlaryň bişirilendigini we tomaşaçylara satylandygyny hem belledi.

Türkmenistanda uzak wagtdan bäri näresmi ýagdaýda geçirilýän horaz uruşlaryny düzgünleşdirýän kanun-namanyň bardygy ýa ýokdugy anyk belli däl. Ýöne ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde haýwanlara rehimsiz garalmagy boýunça çäre göz öňünde tutulýar.

Mundan öň, Azatlygyň bikanun it we horaz uruşlary baradaky maglumatlaryndan soň, habarçylarymyz polisiýanyň bulary dargadyp başlandygy barada hem habar beripdiler.

Türkmenistanda itleri we horazlary uruşdyrmak däbi ýurtda alabaý itleriniň we ahalteke atlarynyň kultlarynyň döwlet derejesinde ösdürilýän wagtynda dowam etdirilýär. Galyberse-de, bu haýwanlaryň kulty ösdürilýän mahaly, häkimiýetler köçelerdäki itleri we pişikleri köpçülikleýin tutup, urup-ýenjip, öldürýärler.

Ýurt häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bikanun gurnalýan it we horaz uruşlary, olara garşy görülýän çäreler, şeýle-de, itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG