Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ata kesbini dowam etdirip, sowgat berlen saýlama atlary kabul etdi


Ýurduň ähli atşynaslarynyň adyndan prezidente Akganat atly bedew sowgat berildi diýip, habarda aýdylýar.
Ýurduň ähli atşynaslarynyň adyndan prezidente Akganat atly bedew sowgat berildi diýip, habarda aýdylýar.

30-njy aprelde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralar gurnalyp, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen esasy baýramçylyk çäresine prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Bir gün öň ol öňki prezidentden, kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan galan däbi dowam etdirip, özüne syýasy-ykdysady taýdan garaşly adamlaryň sowgat beren atlaryny kabul etdi.

Prezidente Ahal welaýatynyň ilatynyň adyndan Kärizek, Balkan welaýatyndan Bagtyýarlyk, Daşoguz welaýatyndan Aýdyňýol, Lebap welaýatyndan Keramat, Mary welaýatyndan Akhowdan, Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedewler sowgat berildi.

Şeýle-de, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Gaýduwsyz atly bedew sowgat berildi.

Ýurduň ähli atşynaslarynyň adyndan prezidente Akganat atly bedew sowgat berildi diýip, habarda aýdylýar.

Berdimuhamedowlaryň sowgat alan saýlama ahal-teke atlarynyň umumy sany, olary saklamak üçin çykarylýan döwlet serişdeleri barada açyk maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda prezidente berilýän gymmat bahaly sowgatlaryň möçberi, çägi we olaryň ýerli kanunçylyga näderejede sygýandygy barada resmi düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.

XS
SM
MD
LG