Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi


Türkmenistanda bolan ýol hadysalarynyň birinde zyýan çeken awtomobil ulagy (Arhiw suraty)
Türkmenistanda bolan ýol hadysalarynyň birinde zyýan çeken awtomobil ulagy (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda iki awtomobil ulagynyň pete-pet çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi we başga-da üç adam ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ygtybarly çeşmeleri 25-nji aprelde sebitden maglumat berdiler.

“Ýol heläkçiligi geçen hepdäniň şenbe güni, 20-nji aprelde sagat 16:00 töwereginde boldy. Ýol hadysasyna ýol polisiýasynyň bir işgäri tarapyndan ýokary tizlikde dolandyrylýan ulagyň ýoluň beýleki tarapyna geçip, öňünden gelýän hususy taksini pete-pet çakyşmagy sebäp bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Urgynyň netijesinde, polisiýa işgäri tarapyndan dolandyrylýan ulag ýoldan çykyp, agdaryldy. Wakada polisiýa işgäri heläk boldy.

Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherçesinden Kerki etrabyna barýan hususy taksi ulagyndaky iki ýolagçy ýaralanyp, olaryň bedeninde döwük-ýenjikler emele geldi.

“Kireýine ýolagçy gatnadýan sürüjiniň saglyk ýagdaýy hem agyr däl, ýöne onuň ulagyna örän uly zyýan ýetdi. Awtoulagy görer ýaly däl” diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, ýol heläkçiligine sebäp bolan polisiýa işgäri wakanyň bolan pursadynda serhoş ýagdaýda gulluk wezipesini ýerine ýetirýärdi. Şol sebäpli etrap polisiýa bölümi ýol heläkçiliginiň üstüni ýapmaga çalyşýar.

“Ilkibada hususy taksiniň eýesi ýol hadysasynda özüniň hiç hili günäsiniň ýokdugyny aýdyp, polisiýa işgärlerinden ulagyny bejertmäge kömek sorady. Ýöne olar oňa “eger dawa etseň ýa-da bir ýerde polisiýa işgäriniň içgilidigini aýtsaň, onda galan ömrüňe maşyn sürdürtmeris we türmä basarys” diýip gorkuzdylar” diýip, etrap polisiýasyndaky ygtybarly çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, bolan waka kagyz ýüzünde, hamala, polisiýa işgäri uly ýoluň üstünde ýol heläkçiligine uçrap, ulagy agdarylan ýaly edilip görkezilýär.

“Resminamalarda onuň içgilidigi görkezilmeýär. Ýerli hassahanada ýol heläkçiliginde bedenine şikes ýeten ýolagçylar, hamala, özleri ýykylyp, aýagyny we beýleki ýerlerini döwen ýaly edilip görkezildi. Muny, ýerli we etrap polisiýasynyň ýokary derejeli işgärleri özlerine gep gelmezlik, eýeleýän wezipelerine zyýan ýetmezlik üçin etdiler. Ýogsam, ýol heläkçiliginiň nähili bolandygyny, wakanyň bolan wagtynda polisiýa işgäriniň serhoş ýagdaýdadygyny sebitdäki hemme adam bilýär” diýip, ygtybarly çeşmämiz belledi.

Ol ýol heläkçiliginde ýogalan polisiýa işgäriniň 1991-nji ýylda doglandygyny we iki çaganyň kakasydygyny hem aýtdy. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň şahsyýetini anyklaýan beýleki maglumatlary bermekden saklanýar.

Redaksiýanyň waka we ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Köýtendag we Kerki etrap polisiýa bölümlerinden, şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklaryndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Ministrligiň garamagyndaky edaralar hem, ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýärler.

Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem, ýurtda adam pidalaryna getirýän ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär.

Ýöne Azatlyk we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Geçen ýylyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren ýol hadysalarynda azyndan 60 çemesi adam heläk boldy, onlarça adam şikeslendi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň aprel aýynda Daşoguz welaýatyndaky habarçymyz Görogly etrabynda ýerli polisiýa bölüminiň uly leýtenantynyň serhoş ýagdaýda gulluk wezipesini ýerine ýetirýän mahaly, ulagy aşa ýokary tizlikde dolandyryp, üç mekdep okuwçysyny öldürendigini habar berdi. Wakadan bir aý çemesi geçensoň, polisiýa işgäriniň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigi mälim boldy. Şonda habarçymyz we ygtybarly çeşmelerimiz sebitde jenaýata baş goşan kanun goraýjylara bu hili jezanyň örän seýrek berilýändigini aýdyp, suduň bu karary çykarmagyna betbagtçylygyň Azatlykda köpçülige äşgär edilmeginiň täsir edendigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG