Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaspiý sammiti açyldy


Sammite hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem prezidentleri gatnaşýar. 29-njy sentýabr, 2014 ý.
Sammite hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem prezidentleri gatnaşýar. 29-njy sentýabr, 2014 ý.

Russiýanyň Astrahan şäherinde hazarýaka döwletleriň bäşisiniň gatnaşmagynda Kaspiý sammiti açyldy. Kaspiniň kenaryndaky döwletler haýsy ýurduň deňziň näçe bölegine eýedigini kesgitläp, deňziň astyndaky baý nebit we gaz ýataklaryny özleşdirip başlamaga çalyşýarlar.

Sammite hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem prezidentleri, ýagny Türkmenistandan Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjandan Ylham Alyýew, Russiýadan Wladimir Putin, Eýrandan Hassan Rohani we Gazagystandan Nursultan Nazarbaýew gatnaşýarlar.

Sammitiň açylyş dabarasynda Putin çykyş edip, Kaspiý regionyny “parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylygyň oazisi” diýip atlandyrdy.

Bu bäş döwletiň resmileri eýýäm ençeme ýyllardan bäri gepleşikleri geçirip, Kaspiniň ýuridiki statusyny kesgitlejek bolýarlar.

Kaspiniň kanuny statusy boýunça häzire çenli iki ylalaşyk – 1921-nji we 1940-njy ýyllarda – şol wagtky Sowet Soýuzy bilen Eýranyň arasynda baglaşylypdy.

Sowet Soýuzy dargandan soň täze emele gelen döwletler bolan Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan ozalky baglaşylan ylalaşyklaryň şertlerine boýun bolmak islemediler.

Esasy sorag

Kaspiý boýunça iň esasy kesgitlemeli zat şu: ol “kölmi” ýa-da “deňiz”?

Eger-de hazarýaka döwletleriň bäşisi hem Kaspiý - bu köl diýen netijä gelseler, onda halkara kanunçylygyndaky “kondominium” nazarýetine görä, Kaspiý we onuň tebigy baýlyklary we olardan gelýän girdejiler ähli döwletleriň arasynda deňje paýlanylar.

Eger-de Kaspiý deňiz diýlip ykrar edilse, onda Hazarda her ýurduň, öz kenaryna laýyklykda, milli sektory bolar. Bu garaýyş, hususan-da, beýlekilere görä, has uzyn kenar ýakasy bolan Gazagystan üçin bähbitli bolar. Çaklamalara görä, munuň netijesinde Gazagystan Kaspiniň tebigy baýlyklarynyň tas ýarpysyny öz eýeçiligine alar.

Beýleki bir tarapdan, eger-de bu garaýyş kabul edilse, onda Eýrana Kaspiniň iň az bölegi, ýagny 13% çemesi düşýär. Bu sebitde gaz we nebit ýataklarynyň has azdygy aýdylsa-da, bu babatda köp gözleg-barlag işleri geçirilmändi.

Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan özleriniň milli sektory diýlip atlandyrylýan ýerleri özleşdirjek halkara inwestorlaryny gysga wagtyň içinde tapmagy başarypdylar. Bu üç ýurduň öz sektorlaryndaky baýlyklary başgalar bilen paýlaşmaga razy boljakdygyny çaklamak kyn.

Putiniň sammitiň çäginde oňa gatnaşýan liderleriň ählisi bilen aýratynlykda duşuşmagyna garaşylýar.

29-njy sentýabrda Astrahanda açylan sammit Kaspiý boýunça soňky 12 ýylyň içinde geçirilen dördünji sammit bolar.

Ozalky sammitler 2002-nji ýylda Türkmenistanda, 2007-nji ýylda Eýranda we 2010-njy ýylda Azerbaýjanda geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG