Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý, ýowuz rus hüjümlerinden soň, ýurdunyň has köp howa goranyş ulgamy bilen üpjün edilmegine çagyrýar


Ukrain ýangyn söndürijileri rus zarbalaryndan ejir çeken binadaky ýangyny öçürýärler. 19-njy aprel, Dnipro.
Ukrain ýangyn söndürijileri rus zarbalaryndan ejir çeken binadaky ýangyny öçürýärler. 19-njy aprel, Dnipro.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý Ukrainanyň günbatar ýaranlaryna we hyzmatdaşlaryna ýene-de ýüzlenip, olary uruş ýagdaýyndaky ýurduny has köp howa goranyş ulgamy bilen üpjün etmäge çagyrdy. Bu çagyryş, Russiýanyň 19-njy aprelde Ukrainanyň şäherlerine we möhüm energiýa desgalaryna ýowuz raketa zarbalaryny amala aşyrmagynyň yz ýanynda edildi.

Bu aralykda, ukrain goşuny rus hüjümlerine jogap hökmünde Russiýanyň strategiki bombaçysyny ýok edendigini aýtdy.

“Ukrainany howa goranyş ulgamlary bilen üpjün edýän her bir ýurt, hyzmatdaşlarymyza howa goranyş ulgamlarynyň ammarlarda saklanmaly däldigini, olaryň terrorçylyga sezewar bolan jemgyýetlerde we hakyky şäherlerde ýerleşdirilmelidigine ynandyrmaga kömek edýän her bir lider we goranyşymyzy goldaýanlaryň hemmesi halas edijidir” diýip, Zelenskiý ozalky Twitter, häzirki X sosial ulgamynda ýazdy.

Ukrainanyň howa güýçleri 19-njy aprel güni irden, Russiýanyň eden raketa we pilotsyz uçar hüjümlerine jogap hökmünde, Moskwanyň strategiki Tu-22M3 bombaçysyny ýok edendigini aýtdy.

“Bu Russiýanyň strategiki uçarynyň şu gün biziň asuda şäherlerimize eden we parahat ilaty öldüren hüjümi üçin ar alyş" diýip, howa güýçleriniň metbugat wekili Ilýa Ýewlaş Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Harbylar sosial mediada çap edilen beýanatda Howa güýçleriniň howa gämilerine garşy raketa bölümleriniň, Goranmak aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlykda, “ilkinji gezek” uzak aralyk bombaçyny ýok edendigini aýtdylar.

“Şeýle-de, ilkinji gezek bu uçardan atylan iki sany X-22 raketa hem ýok edildi. Bu gün rus propaganda metbugatynda garaňky gün” diýip, Ýewlaş belledi.

Bu öňe sürmäni garaşsyz tassyklatmak başartmady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Tu-22-niň ýurduň günorta Stawropol sebitinde, söweş missiýasyndan harby baza dolanýarka, tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrandygyny aýtdy.

Stawropol sebit başlygy Wladimir Wladimirow ekipažyň dört agzasyndan biriniň ölendigini, beýlekisiniň bolsa ýitirim bolandygyny aýtdy. Wladimirow ekipažyň galan iki agzasynyň diri tapylandygyny belledi.

Ukrain içeri işler ministri Ihor Klymenko Russiýanyň 19-njy aprelde irden ýurduň Dnipropetrowsk sebitine eden raketa zarbasynda azyndan sekiz adamyň ölendigini we başga-da 25 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Klymenko Dnipro şäherinde iki adamyň we Dnipronyň günortasynda ýerleşýän Synelnykiwskiý etrabynda alty adamyň ölendigini belledi. Ol bu etrapda 10-dan gowrak jaýyň weýran bolandygyny hem aýtdy.

Sebit administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak Telegramda ýazan maglumatynda Dnipro şäherinde ýaşaýyş jaýyna we infrastruktura desgasyna zeper ýetendigini hem mälim etdi.

Zelenskiýiň Dnipropetrowskda ýerleşýän dogduk şäheri Kriwi Rihiň aýrybaşga rus hüjüminde nyşana alnandygyny, infrastruktura zeper ýetendigini we üç adamyň ýaralanandygyny, şäher häkimi Oleksandr Wilkul aýtdy. Ol infrastruktura edilen hüjümiň ýangynyň döremegine sebäp bolandygyny hem belledi.

“Russiýa terrorçylygy üçin jogapkärçilik çekmelidir we ähli raketalar hem-de “Şahed” pilotsyz uçarlary saklanmalydyr” diýip, Zelenskiý aýtdy.

Ukraina Russiýanyň ukrain infrastrukturasyna barha güýçlenýän howa zarbalaryna garşy göreşýärkä, ýarag we ok-däri ätiýaçlarynyň azalmagynyň arasynda, indi ençeme aý bäri öz ýurdunyň has köp howa goranyş ulgamy bilen üpjün edilmegine çagyryş edip gelýär. Bu çagyryşlar, ABŞ-nyň Ukraina möhüm kömegi Kongresde böwetli bolmagynda galýan mahalynda edilýär.

Birleşen Ştatlar, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa çozuşa başlaly bäri, Ukrainany harby kömek bilen üpjün edýän esasy ýurt bolup durýar.

Ýöne Ukraina üçin möhüm bolan ABŞ-nyň berjek 61 milliard dollarlyk harby kömek bukjasynyň öňi respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýünde baglanýar.

Wekiller öýüniň 20-nji aprelde täze harby kömek, şol sanda Ukraina üçin gijikdirilen kömek bukjasy barada ses bermegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG