Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň Kiýewe berýän kömegi baradaky pikirini üýtgedýär


Donald Tramp 
Donald Tramp 

Donald Tramp 18-nji aprelde, Wekiller öýüniň Ukraina üçin 61 milliard dollarlyk kömek bukjasyna ses berjekdigi belli bolanyndan soň pikirin üýtgedip, Ukrainanyň aman galmagynyň ABŞ üçin möhümdigini aýtdy.

Öňki prezident “Hakykat” sosial platformasynda Ýewropa ýurtlarynyň Ukrainany goldamak üçin ýeterlik çykdajy etmeýändiklerinden zeýrendi.

Käbir berk sagçy respublikanlar, Tramp bu barada aç-açan aýtmadyk bolsa-da, onuň bu sözlerini kömek bukjasyna garşylyk alamaty hökmünde düşündirdiler.

Emma bu sözler Trampyň Ukrainanyň aman galmagynyň ABŞ-nyň howpsuzlyk bähbitleri üçin möhümdigini ilkinji tassyklamasy bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG