Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylar jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň 'bellik' üçin geçirilýändigini aýdýarlar


Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, hukuk meseleleri boýunça, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.
Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, hukuk meseleleri boýunça, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.

Türkmenistanda dowam edýän öý-jaý, mellek ýeri meseleleriniň ýyllar boýy dogry-düzüw çözülmezligi we adamlaryň kanun, hukuk maglumatlarynyň ýeterlik bolmazlygy ilat arasynda barha kän rahatsyzlyga, nägilelige sebäp bolýar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Aýdylmagyna görä, adamlary biynjalyk edýän diňe dokumentsiz jaýlarynyň ýykylmak aladasy, mellek ýeri meseleleri hem däl, başga-da çözülmeýän mesele kän. Ilat öz kanuny soraglaryna jogap almak üçin sebitiň adalat bölüminiň gurnaýan jemgyýetçilik kabul edişliklerinden haraý gözläp, köplenç lapykeç bolýar diýip, habarçymyz aýdýar.

“Bu kabul edişliklerden kanagatlanarly jogap tapýan adam az, gury wagt ýitireniň, olar galyçka (bellik -redaksiýanyň düzedişi) üçin geçirilýäne meňzeýär” diýip, 22-nji fewraldaky kabul edişlige gatnaşan ýaşaýjy aýtdy.

Halk içinde bu kabul edişlikler ‘problema çözýän priýom, komissiýa toplanmasy’ diýlip bilinýär we, metbugatda onuň geçjek wagty aýdylanyndan soň, ýüzlerçe adam häkimiýetlere öz meselesini, arz-şikaýatyny ýetirjek bolýar.

Bu 22-nji fewralda Lebap sebitiniň adalat bölüminde geçirilen kabul edişlikde hem şeýle boldy. Bu hili kabul edişligiň ýene biri 29-njy fewralda geçirilmeli. Jemgyýetçilik kabul edişlikleri adatça bir otagda, birnäçe sagatlap, aýdaly, ir sagat 9-dan günortan 12-ä çenli ýa-da 10-dan 13-e çenli aralykda geçirilýär we beýle gysga döwürde onlarça adamyň meselesine, arzasyna seretmek we olara degerli hukuk maslahatyny bermek mümkin bolup görünmeýär.

“Komissiýa girip bilen adamlaryň arzy diňlenýär, ady we familiýasy ýörite toparyň ýöredýän žurnalyna ýazylýar, bolany, başga hiç zat bolmaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.

Jemgyýetçilik kabul edişligini geçirýän topar “Adalat bölümine pylança adam kömek sorap ýüz tutdy, biz ýörite topar bolup, şunça adamyň arzasyna seretdik, ýuridiki maslahat berdik” diýip, hasabat berýär; häkimiýetler bu komissiýany adamlaryň meselesini çözmek, olara kömek etmek üçin däl, diňe ‘galyçka’, bellik etmek üçin geçirýärler diýip, raýat aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, arza, şikaýat bilen gelýän adamlaryň köpüsi jaý, mellek meselesi bilen gelýär.

“Türkmenabatda häzir öz hususy jaýynda, howlusynda ýaşaýan onlarça hojalygyň öz emlägine kanuny eýeçiligini tassyklaýan hiç bir dokumenti ýok. Olar jaýlaryny rugsatsyz, özbaşdak ýagdaýda guran adamlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu meseläniň sowet döwründen bäri çözülmeýändigini hem sözüne goşdy.

“Indi kanunlar berkedi, sowet döwründe alnan ýer bölekleriniň dokumentleri häzir ýöremeýär. Indi, ýeriň bölünip berlendigini tassyklaýan karardan başga, döwletnama diýilýän dokument hem gerek. Netijede, samawolno, özbaşdak we rugsatsyz jaý salnan adamlar häzir döwletden hiç hili resminama alyp bilmeýär. Jaýyň dokumenti bolmasa, ony ne satyp bolýar, ne-de çagalaryň adyna geçirip, resmileşdirip bolýar” diýip, bu aýdylýanlary şeýle jaýlaryň birinde ýaşaýan ýaşuly hem tassyk etdi.

Şol bir wagtda, adalat bölümine ýüz tutanlaryň arasynda, soňra müňlerçe manat pul harçlap, 5-6 aý ylgap, gerekli resminamalary toplamak üçin onlarça komissiýadan geçip, ahyrynda döwletnama alýan adamlaryň hem bardygy aýdylýar.

“Mesele pulda, puluň bolmasa, hiç bir topar ýa hukuk maslahaty kömek etmeýär” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web sahypasynda adamlaryň hukuk kömegini almaklary, özlerine gerekli maglumatlary tapmaklary üçin salgylar ýerleşidilipdir.

Ýöne mesele, ozalky iki prezident döwründe bolşy ýaly, üçünji prezident döwründe hem, ilatyň soraglarynyň köplenç jogapsyz galmagynda, arza-şikaýatlar, olaryň çözgütleri baradaky anyk maglumatlaryň ýapyk saklanmagynda diýip, synçylar aýdýar.

Türkmen metbugatynyň habarlaryndan görnüşine görä, paýtagtda we sebitlerde adalat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň jogapkär işgärleriniň we şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň, welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, hukuk meseleleri boýunça, raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.

Ýöne metbugatda bu kabul edişlikleriň anyk netijesi, ilatyň has giň we degerli hukuk kömeklerini almak mümkinçilikleri, çözülmeýän meseleler, hususan-da arza-şikaýatlaryň çözgüdinde uly rol oýnaýandygy aýdylýan korrupsiýa barada açyk gürrüň edilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmenistanyň öňki prezidenti häkimiýet başyna gelende, ilatyň arza-şikaýatlaryna has netijeli serediljegini wada berip, prezident köşgünde ýörite topar döretdi. Emma bu topar ýagdaýyň üýtgemegine oňyn täsir edip bilmedi. Ýurduň üçünji prezidenti bu meselede häzirlikçe hiç bir anyk pikir ýa çykalga hödürmeleýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG