Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan sanly haýyr-sahawat töleg ulgamyny girizer


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna nagt däl görnüşde töleg etmek hyzmatyny girizýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde geçirilen sanly mejlisinde habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiligi ýurduň raýatlaryna haýyr sahawat serişdelerini gaznanyň hasabyna sanly ulgam arkaly geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy goldap, “haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sogaply işlerini aýratyn belledi” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň martynda esaslandyryldy. Ýaňy-ýakynda bu guramanyň üçünji ýyl dönümi dabara bilen bellenip geçildi.

Sanly haýyr-sahawat tölegleri Türkmenistanyň býujet edaralarynda dürli maksatlar üçin, býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde mejbury pul toplanýan wagtynda işe girizilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal birnäçe gezek bu haýyr-sahawat gaznasyna niýetläp, býujet işgärlerinden mejbury ýagdaýda pul ýygnalandygyny habar berdiler.

Şu wagta çenli birnäçe daşary ýurt döwletlerine, şol sanda 2023-nji ýylyň fewralynda Türkiýede bolup geçen güýçli ýer titremesinde ejir çekenlere, galyberse-de, uruşlardan ejir çekýän ukrain we palestin çagalaryna bu gaznanyň başlangyçlary bilen ynsanperwer ýardamlary iberildi. Şol ýardamlaryň birnäçesi guramalaşdyrylanda ýurduň käbir sebitlerinde býujet işgärleriniň aýlyklaryndan mejbury pul tutuldy.

Türkmenistanda, hususan-da soňky ýyllaryň ykdysady krizis döwründe, synçylar ilat arasynda üpjünçiligi pes hojalyklaryň sanynyň artandygyny aýdýarlar.

Döwlet metbugatyna görä, bu haýyr-sahawat gaznasy şu wagta çenli ýurt içinde howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesiniň saglyk bejergileri üçin tölegleri bölüp berdi.

Synçylar tebigy serişdelere baý ýurtda üpjünçiligi pes hojalyklaryň hem-de howandarlyga we haýyr-sahawata mätäç çagalaryň sanynyň köpelmegine soragly garaýarlar.

Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu gaznanyň işini ata-babalardan miras galan “ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelere” eýermegiň nusgasy hökmünde wagyz edýär.

Resmi metbugata görä, gaznanyň üçünji ýyl dönümi mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde geçirilen maslahatda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň Türkmenistandaky ilçileri, şeýle-de Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wagtlaýyn wekili çykyş edip, “hoşniýetliligiň, duýgudaşlygyň we mätäje goldaw bermäge çalyşmagyň türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdigini” aýdypdyrlar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň başynda Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde üpjünçiligi pes maşgalalara bu gaznanyň maliýe serişdeleriniň hasabyna et, tüwi we merjimek ýaly iýmit önümleriniň paýlanyp berlendigini habar berdiler. Ýerli ýaşaýjylar şonda haýyr-sahawat ýardamlaryny kabul edip alandyklary barada özlerine bir resmi kagyza gol çekmegiň talap edilendigini, ýöne özlerine berlen harytlaryň kagyzda görkezilen önümlerden has az bolandygyny gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, soňky wagtlarda Türkmenistanda sosial torlar arkaly öz ildeşlerinden haraý gözläp, haýyr-sahawat ýardamlaryny soraýan raýatlar köpelýär. Ýöne olar polisiýanyň basyşlaryna sezewar bolýarlar. Ýerli häkimiýetler şeýle hereketleri “ýurduň bagtyýar keşbine zyýan ýetirýän” synanyşyklar hökmünde basyp ýatyrýarlar.

“Näsag çagasynyň ýa-da ýakyn dogan-garyndaşlarynyň saglyk bejergisine niýetläp, Internet üsti bilen haýyr-sahawat toplamaga çalyşýan adamlar köpelýär. Polisiýa olary ‘gedaýlar’ atlandyrýar we şeýle mazmunda maglumat paýlaşan adamlara administratiw temmi bermek haýbatyny atýar” diýip, bri balkanly ýaşaýjy fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG