Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet TW-si bir enäniň "gerdenindäki agyr ýük" barada eden çykyşyny görkezdi


“Watan” habarlary gepleşiginiň 29-njy martda efire berlen sanynda oglunyň dogabitdi ýürek keselinden ejir çekendigi hakynda gürrüň beren bir enäniň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.
“Watan” habarlary gepleşiginiň 29-njy martda efire berlen sanynda oglunyň dogabitdi ýürek keselinden ejir çekendigi hakynda gürrüň beren bir enäniň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanda soňky 17 ýylyň dowamynda, biziň bilşimize görä, ilkinji gezek öz problemasy barada aç-açan çykyş eden raýat döwlet telewideniýesinde görkezildi. Ýerli synçylar munuň Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultuny ösdürmäge gönükdirilendigini aýdýarlar.

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

“Watan” habarlary gepleşiginiň 29-njy martda efire berlen sanynda maslahatda 2018-nji ýylda doglan oglunyň dogabitdi ýürek keselinden ejir çekendigi hakynda gürrüň beren bir enäniň çykyşy görkezildi.

Ene çykyşynda ogly 2021-nji ýylda klinikada bejergi alýan wagty Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gelendigi we mugt operasiýa kömegini berjekdigi barada aýdandygyny gürrüň berdi.

“Hormatly Arkadagymyz meniň oglumyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, we mugt operasiýa edilip beriljegini aýdyp, ‘sen hiç zady alada etme, seniň arkaňda dag ýaly döwletiň bardyr, seniň arkaňda dag ýaly Arkadagyň bardyr’ diýip, göwünlik berende bolsa, meniň begenjimden ýaňa gözlerim ýaşdan doldy” diýip, ene çykyşynda aýdýar.

Onuň sözlerine görä, operasiýa üstünlikli geçip, ogly saglygyny dikeltmek üçin Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde we Awazada bolupdyr.

Lebaply synçylaryň birnäçesiniň anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna aýtmagyna görä, enäniň çykyşynda esasan Berdimuhamedowlaryň waspy edilip, onuň esasy maksady olaryň şahsyýet kultuny ösdürmäge gönükdirildi.

Şol bir wagtda-da, olar munuň ýurtda hemaýata mätäç çagalaryň bardygynyň we olara döwlet tarapyndan mugt saglyk bejergisiniň berilmeýändiginiň resmi derejede boýun alynmagy bilen bagly ilkinji wakadygyny belleýärler.

“Münbere çykyp gürlän enäniň çagasynyň operasiýasyny Arkadagsyz mugt etdirmäge mümkinçiligiň ýok bolandygyny göni aýtmagy, ýurtda ýyllarboýy dowam edip gelýän saglyk pudagyndaky ýiti nogsanlyklardan habar berip, agyr we dogabitdi keselli çagalara döwlet tarapyndan hemaýatyň ýokdugyny tassyklady. Türkmen mediasy ýurtda prezidentiň baryp görmedik näsag we agyr keselli çagalara hiç hili döwlet tarapyndan ulgamlaýyn esasda mugt bejergi bermegiň ýola goýulmandygyny ilkinji gezek gytaklaýyn boýun aldy" diýip, lebaply synçy aýtdy.

Türkmenabat şäherindäki “Ene mähri” merkezinde işleýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda ýurtda dogabitdi we ýiti keselli çagalaryň sanynyň örän köpdügini aýtdy.

"Olaryň diňe birine ýa-da ikisine däl-de, ählisine döwlet tarapyndan ulgamlaýyn esasda mugt saglyk bejergisi berilmeli. Döwlet şunuň üçin dälmi?!" diýip, lebaply lukman belledi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bolsa, döwlet TW-sinde ilkinji gezek raýatyň problemasynyň gozgalmagynyň “dogry we ýerliklidigini”, ýöne munuň bir gezeklik waka bolmaly däldigini aýdýar.

“Ilata öz problemasyny aýtmaga hemişe rugsat berilmeli, bolmasa bu diňe boş gürrüň bolar we şahsyýet kultuny ösdürmek oýnundan aňry gitmez” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu waka, ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýaşaýjylaryň çagalara kömek berilmegi barada agzalýan gazna ýazýan arzalarynyň jogapsyz galýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylary raýatlaryň arzalarynda çagalar üçin saglyk, egin-eşik, aýakgap we okuw esbaplary barada kömek soraýandyklary hakda soňky alty aýyň dowamynda birnäçe gezek maglumat berdiler.

Şu ýylyň başynda bolsa, çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň ençemesi gaznanyň wekilleriniň özlerine geçi beren bolsalar-da, olardan goýun alandygy hakyndaky kagyza gol çekmegi talap edendigini aýdyp, häkimiýetleriň ýetimleriň hakyny iýýändigini gürrüň beripdi.

Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň 29-njy martynda esaslandyryldy. Bu gurama Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasy atlandyryldy.

Soňky ýyllarda ýurtda uly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty has-da dabaralandyrylýar. Geçen aýda Lebabyň häkimiýetleri edara-kärhanalarda geçirilýän ýygnaklarda G.Berdimuhamedowyň waspyny edip, ilaty agyz beklemäge, ‘Arkadagdan görelde almaga’ çagyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG