Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň has köp energetika desgalaryna zarba urýar


Rus güýçleri 11-nji aprelde Kiýew, Çerkasiý we Žytomyr sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Trypilska elektrik stansiýasyna zarba urdy.
Rus güýçleri 11-nji aprelde Kiýew, Çerkasiý we Žytomyr sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Trypilska elektrik stansiýasyna zarba urdy.

Russiýa 12-nji aprelde dron we raketa zarbalarynyň täze tapgyry bilen Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna basyş etmegi dowam etdirip, Ukrainanyň howa goranyş mümkinçileriniň ep-esli azalmagynyň arasynda, onsuz hem haldan düşen energiýa torlaryna goşmaça zyýan ýetirdi.

Russiýa soňky günlerde Ukrainanyň raýat we energetika infrastrukturalaryna agyr howa we dron zarbalaryny urup, adam pidalaryna we agyr zyýan çekmelere sebäp boldy.

Täze zarbalar 12-nji aprelde günorta Dnipropetrowsk sebitinde bir energetika desgasyny nyşana aldy, irden bolup geçen rus dron hüjüminiň yz ýany ot alan desga agyr zyýan ýetdi diýip, Ukrainanyň harby we sebit resmileri aýtdy.

Harby hasabatda energetika desgasy anyk aýdylman, diňe ýykylan dört sany rus dronynyň bölekleriniň Kryworizka etrabynda bir möhüm infrastruktura desgasynyň çägine gaçyp, ýangyna sebäp bolandygy aýdyldy.

Ukrain ýangyn söndürijileri ýangyny söndürmegi başardylar, ýöne zyýanyň gerimini bada-bat ölçäp bolmady diýip, sebit ýolbaşçysy Serhiý Lysak aýtdy.

Bu aralykda, Hersonyň sebit administrasiýasynyň ýolbaşçysy Oleksandr Prokudin 12-nji aprelde rus zarbalarynyň öten agşam günorta ukrain sebitindäki bir möhüm infrastruktura desgasyna zyýan ýetirendigini aýtdy, ýöne haýsy desga zyýan ýetendigini anyklaşdyrmady.

Prokudin sebit boýunça 15 ilatly ýeriň top okuna tutulandygyny, hususan-da ýaşaýyş sebitleriniň nyşana alnandygyny aýtdy. Ol adam pidalary barada bada-bat habar bolmandygyny, ýöne birnäçe jaýyň ýykylandygyny aýtdy.

Ukrain howa goranyş ulgamlary 12-nji aprelde alty sebitde Russiýa tarapyndan uçurylan 17 sany pilotsyz uçaryň 16-syny urup ýykdy diýip, Ukrainanyň howa güýçleri sosial mediadaky habarynda aýtdy.

“Ukrainanyň Goranyş güýçleri Mykolaýiw, Odesa, Herson, Dnipropetrowsk, Winnitsýa we Hmelnytskiý sebitlerinde 16 sany “Şahed” görnüşli hüjüm pilotsyz uçarlaryny urup ýykdy” diýip, Facebook postunda aýdyldy.

Kiýew, Çerkasiý we Žytomyr sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Trypilska elektrik stansiýasy 11-nji aprelde rus raketalary tarapyndan ýykyldy. Bu desga ukrain paýtagtynyň 50 km çemesi günortasynda ýerleşýär.

Ýüzlerçe müň adamy toksuz goýan bu hüjüm Ukrainanyň Moskwanyň agyr howa hüjümlerini yza serpikdirmek mümkinçilikleriniň egsilýändigine ünsi çekýän ýaly bolup görünýär.

Ukraina soňky hepdelerde ýiti ok-däri we ýarag ýetmezçiliginiň üstüni dolmak üçin, öz ýaranlaryndan tagallalary tizleşdirmegi haýyş edip gelýär, Waşingtonda 60 milliard dollar möçberindäki iri ýardam bukjasy saklanyp galýar, respublikan kanun çykaryjylary içerki syýasatda çuň ylalaşyk gazanylmazdan, bu bukjany tassyklamakdan ýüz öwürýärler.

Prezident Wolodymyr Zelenski 11-nji aprelde Litwa amala aşyran saparynda Ukrainanyň ýaranlaryna uruşdan ejir çekýän ýurda has köp howa goranyş ulgamlarynyň berilmegini haýyş etdi.

"Häzirki wagtda esasy wezipe howa goranyş ulgamymyzy berkitmek, Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň gyssagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we rus terrorçylygyny ýeňip geçmek üçin halkara goldawyny berkitmek" diýip, Zelenski Wilniusa geleninden soň öňki Twitterde, X platformasynda ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG