Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tiz kömek sürüjileri ýaramaz ýollardan şikaýat edýär


Tiz kömek ulagy. Aşgabat.
Tiz kömek ulagy. Aşgabat.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda tiz kömek ulaglarynyň sürüjileri ýaramaz ýollardan hem-de şäher ýerlerindäki asfalt ýollarda awtoulaglaryň tizligini çäklendirmek maksady bilen göterilen depejikleriň köp bolmagyndan şikaýat edýärler.

“Tiz kömek ulaglary tiz wagtda hatardan çykýar. Sebäbi ýollar ýaramaz. Ulaglary tiz sürmäge mümkinçilik ýok. Şäher ýerlerindäki asfalt ýollaryň ugrunda, swetoforlaryň golaýynda awtoulaglaryň tizligini peseltmäge gönükdirilen depejikler bar. Swetoforsyz ýerlerde hem tas her 40-50 metrden asfalt depejikler bar. Ol ýerlerde tiz kömek ulagynyň tizligini 10 km/sagada çenli haýalladaýmasaň, ýa-da ondan hem haýal sürüp, säginip geçäýmeseň, awtoulagyň ätiýaç şaýlary gaçyp galýar. Şol sebäpden barmaly ýerlerimize gijä galyp barýarys” diýip, bir tiz kömek ulagynyň sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Olar kähalatlarda tiz kömek ulagynyň gijä galmagy sebäpli, gaýragoýulmasyz kömege mätäç hojalyklaryň öz hassalaryny şahsy awtoulaglarda ýa-da taksi tutup, tiz kömekden öň, keselhanalara eltýändiklerini aýdýarlar.

Gijä galan tiz kömek ulaglary boýunça hassahanalara şikaýat arzalarynyň ýazylyp, sürüjileriň işden çykarylýan halatlary hem bolýar.

Şeýle-de, lukmançylyk ulaglarynyň sürüjileri oba ýerlerinde özleriniň adres tapmakda hem kynçylyk çekýändiklerini gürrüň berýärler.

“Biz hassalary ulaglara ýükläp, olary keselhanalara tarap alyp gaýdanymyzda, has hem haýal sürmeli bolýarys. Sebäbi, zaýalanan ýollarda diňe bir hassa adamyň däl, sag adamyň hem içi silkinip, göni hassahanalyk bolýar” diýip, ulag sürüjisi gürrüň berdi. Ol asfaltlanan käbir ýollaryň ugrundaky emeli depejikleriň hem ulag tizliginiň peseldilmegine sebäp bolýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýramalynyň ýaramaz ýollary tiz kömek ulaglarynyň tiz wagtda hatardan çykmagyna alyp gelýär. Sürüjiler keselhanalaryň, maliýe ýetmezçilikleri sebäpli, tiz kömek ulaglaryny öz wagtynda bejerdip bilmeýändigini, şol sebäpden hatardan çykan ulaglaryň bir-iki hepdeläp sürülmeýändigini gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty sebitlerdäki ýaramaz ýollar, ýa-da tiz wagtda hatardan çykýan tiz kömek ulaglary, öz wagtynda hassahanalara ýetişip bilmeýän agyr hassalar barada habar bermeýär.

“Bize köçeleri abatlap berseler, asfalt ýollardaky emeli depejikleri aýyrsalar, gep-gürrüňsiz, käýinçsiz mesele çözülerdi” diýip, ulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi beýleki sebitlerde hem kadaly işlemeýär.

Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal oba ýerlerindäki saglyk öýlerine prezidentiň adyndan sowgat hökmünde gowşurylýan tiz kömek ulaglaryny görkezýär. Ýöne, ýerli ýaşaýjylar şeýle ulaglaryň haýryny görüp bilmeýärler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy, beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda, tiz kömek gullugynyň işinden nägile bolan bir saýatly ýaşaýjynyň şikaýatlary barada habar berdi. Ol şonda oba ýaşaýjylarynyň adatdan daşary gyssagly saglyk ýagdaýlary ýüze çykan halatynda özleriniň özbaşdak transport serişdelerini tapyp, öz hassalaryny 25 km aradaşlykda ýerleşýän iň ýakyn şähere eltmeli bolýandyklaryny gürrüň beripdi. Şeýle kynçylyklaryň arasynda, bu sebitde näsagyň hassahana ýolunda aradan çykýan halatlarynyň, ýa-da ýol sarsgynlary zerarly, onuň ýagdaýynyň erbetleşýän halatlarynyň hem bolýandygy mälim bolupdy.

Geçen gyş paslynda, diňe bir çet sebitlerde däl, eýsem, paýtagt Aşgabatda hem gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň ilata öz wagtynda berilmezligi bilen bagly problemalar hasaba alyndy.

Baýramaly etrabynda sürüji bolup işleýän bir ýerli ýaşaýjy özleriniň tiz kömek ulaglarynyň ýakyn sebitlere, etrap merkeziniň etegindäki ilatly ýerlere-de, ýaramaz ýollar zerarly, öz wagtynda baryp bilmeýändigini gürrüň berýär.

Türkmenistanda tiz kömek ulaglaryna ses çykarmaga rugsat berilmeýär. Sürüjiler köçelerde hereket edýän tiz kömek ulaglarynyň hassa kabul etmäge barýandygyny ýa-da däldigini aňsat aňşyryp bilmeýär.

Baýramaly etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan tiz kömek ulaglarynyň sürüjileri özleriniň barmaly nokatlaryna gijä galan halatlarynda özlerine arza ýa-da düşündiriş hatlarynyň ýazdyrylýandygyny aýdýarlar.

Olar şeýle temmi çärelerine derek, köçeleriň abatlanylmagyny we asfalt ýollaryň ugrunda göterilen ýörite depejikleriň ýok edilmegini, ýa-da olaryň sanynyň azaldylmagyny talap edýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Baýramalynyň etrap hassahanasyndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG