Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: ABŞ harby ýardam bukjasy bilen bagly öňe gidişlik Ukraina “ýeňiş mümkinçiligini” döredýär


ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Ukraina, Ysraýyla we Taiwana ýardam bukjalary boýunça kanun taslamasyny kabul etmeginden soňra, Ukrainanyň goldawçylary Kapitol binasynyň daşynda ABŞ we Ukraina baýdaklaryny galgadýarlar. 20-nji aprel, 2024. Waşington, Kolumbiýa okrugy. ABŞ
ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Ukraina, Ysraýyla we Taiwana ýardam bukjalary boýunça kanun taslamasyny kabul etmeginden soňra, Ukrainanyň goldawçylary Kapitol binasynyň daşynda ABŞ we Ukraina baýdaklaryny galgadýarlar. 20-nji aprel, 2024. Waşington, Kolumbiýa okrugy. ABŞ

Uzaga çeken Ukraina harby ýardam bukjasy boýunça kanun taslamasynyň ABŞ-nyň Wekiller öýi tarapyndan kabul edilmeginden soňra, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň rus güýçlerine garşy “ýeňiş mümkinçiligini” görýändigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe bu goldaw Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň, hakykatdan-da, kuwwatyny artdyrar” diýip, Zelenski 21-nji aprelde ABŞ-nyň “NBC” telekanalyna aýtdy.

“Ukraina, biziň üçin örän zerur bolan ýarag ulgamlaryny, hakykatdan-da, alyp bilse, biziň üçin ýeňiş mümkinçiligi bolar” diýip, ol aýtdy.

Ukraina uzak aralyk ýaraglaryny we howa goranyş ulgamlaryny ileri tutýar. Zelenski bu ýaraglaryň Ukrainanyň Russiýanyň garaşylýan giň gerimli hüjüm “planlaryny syndyrmagyna” ýardam berjekdigini aýtdy.

“Bu möhüm. Bular häzir ileri tutulýar” diýip, Zelenski aýtdy.

Zelenski öňki Twitter, X ulgamynda has giňişleýin çykyş edip, demokratiki dünýäniň Russiýadan üstün çykmaga kuwwatynyň bardygyny we onuň “öz güýjünden gorkmaly däldigini” aýtdy, hem-de Ukrainanyň “Patriot” howa goranyş ulgamlaryna we häzirki zaman söweş uçarlaryna mätäçdigini ýörite aýtdy.

“Patriotlar haýsydyr bir ammarlarda boş durandan, diňe işledilende we adamlaryň janyny halas eden halatynda howa goranyş ulgamlary atlandyrylyp bilner” diýip, ol aýtdy.

“Häzirki zaman uçarlar, haçan-da döwrebaplyk synaga salnanda zerur bolup durýar we bu, häzirki nesilleriň çagalarynyň we agtyklarynyň parahat we howpsuz durmuşda ýaşap-ýaşamazlygy bilen kesgitlener” diýip, ol belledi.

ABŞ ýardamlarynyň fronta çenli baryp gowuşmagy birnäçe hepdä çekip biler, ok-däri ýetmezçiligi ukrain harby serkerdelerini bar bolan ok-därileri ätiýaçly ulanmaga iterýär.

Zelenski agşamky çykyşynda ýardamlaryň front çyzygyna tiz wagtda gowşurylmagyny höweslendirdi.

“Syýasy kararlar bilen frontda duşmana ýetiriljek zyýanyň arasyndaky wagt möhleti, bukjanyň tassyklanylmagy bilen biziň söweşijilerimiziň kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň arasyndaky wagt möhleti, mümkingadar gysga bolmaly” diýip, ol aýtdy.

Ukraina we onuň ýewropaly ýaranlary ABŞ-nyň Wekilleri öýüniň 20-nji aprelde degişli kanun taslamasyny kabul etmegini mübäreklediler. Umumy möçberi 95 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan ýardam bukjasynyň 61 milliard dollary Ukraina bölünip berler, galan bölegi Ysraýyla we ABŞ-nyň beýleki ýaranlaryna bölünip berler.

Senatyň demokrat ýolbaşçylary ýardam bukjasy boýunça kanun taslamasyny öňümizdäki 72 sagadyň dowamynda ses berişlige goýmagy wada berdiler. Prezident Baýden kanun taslamasynyň tiz wagtda özüne iberilmegi babatynda Senata çagyryş etdi.

Senatyň köplük lideri Çak Şumer (demokrat, Nýu-Ýork) öten agşam Senatyň “milli howpsuzlyk kanunçylygy boýunça indiki ädimi ätmäge taýýardygyny” aýtdy. Maslahatlaşmalaryň 23-nji aprelde başlamagy meýilleşdirilýär.

Zelenski kanun taslamasynyň Senatda tiz wartda kabul edilip, Baýdene iberilmegine umyt bildirdi.

Kreml Wekiller öýündäki ses berişlige ABŞ-nyň bu göçüminiň, “Kiýew režimi zerarly”, has köp ukrain ýitgilerine getirjekdigini aýdyp jogap berdi. Ol ABŞ hemaýatynyň Birleşen Ştatlaryny baýatmaga we Ukrainany “munda-da beýläk harap etmäge” niýetlenendigini öňe sürdi. Ukraina Russiýanyň esassyz çozuşy 2022-nji ýylyň fewralynda başlamazdan ozal, onsuz hem 2014-nji ýyldan bäri, Russiýanyň goldawyndaky separatistler bilen göreşip gelýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG