Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

N.Hanamow: Prezident sowgat almagyny bes edip, korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmaly


G.Berdimuhamdow özüne sowgat berlen nobatdaky 8 atyň birini ogşap kabul edýär. 2018 ý.
G.Berdimuhamdow özüne sowgat berlen nobatdaky 8 atyň birini ogşap kabul edýär. 2018 ý.

Bu gezek prezidente at sowgat berilmegi pajygaly tebigy hadysa gabat geldi we ýaşaýjylara uly möçberlerde maddy zyýan ýetiren, adam ýitgilerine getiren harasatly ýel döwlet baştutanynyň raýatlaryň öňündäki borçlaryna ýene bir gezek ünsi çekdi diýip, synçy aýtdy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet baştutanyna aç-açan berilýän gymmatbaha sowgatlaryň möçberleri we bahasy boýunça hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilerdi, bu hasaby türkmen döwlet mediasynyň maglumatlary esasynda arkaýyn çykaryp bolar we, kanun işlän ýagdaýynda, uly möçberde sowgat beren we alan emeldarlara garşy türkmen kanunçylygy esasynda korrupsiýa aýyplamlaryny bildirmek kyn bolmaz diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Howpsuzlyk aladalary esasynda atlarynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçylaryň biri apreliň aýagynda bellenen At baýramçylygyndan soň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolup, döwlet baştutanyna berilýän gymmatbaha sowgatlaryň bireýýäm ýaranjaňlykdan geçip, açyk korrupsiýa hadysasyna öwrülendigini, bu ýagdaýa göz ýummagyň, ony kadaly zat hasaplamagyň ýokary derejeli resmä para berilmegini kanunlaşdyrmak bilen deňeçerdigini öňe sürdi.

Synçynyň pikiriçe, prezidentiň öz wezipesi sebäpli berlen gymmatbaha sowgatlary minnetdarlyk bilen kabul etmegi ondan aşakdaky orunlary eýeleýän emeldarlaryň hem gymmatbaha sowgat almak işdäsini açýar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, nobatdaky Türkmenistan apreliň soňky ýekşenbesinde nobatdaky bedew baýramçylygyny belledi we ýene bir gezek prezidente regionlaryň zähmetkeşleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we atşynaslaryň adyndan saýlama ahal-teke atlary, gymmat at bezegleri we enjamlary bilen bilelikde, sowgat berildi.

Öňki ýyllarda sowgat berlen atlary hem hasaplasaň, soňky berlen bedew atlar prezidentiň uly at sürüsiniň ýene ulalmagyna, athana orunlarynyň giňeldilmegine, athana işgärleriniň köpeldilmegine we Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy atlarynyň idegi üçin edilýän harajatlaryň has artdyrylmagyna alyp gelýär.


Ýerli synçylar bu harajatlary hem sorag astyna alýarlar: ol atlar döwletiň hasabyna saklanýarmy ýa-da prezidentiň öz şahsy serişdesine? Eger şeýle bolsa, bu meselede hem aýdyňlyk şertleri berjaý edilmeli, sebäbi kanun-kadaly ýurtlarda resmiler öz gazançlary, emläkleri hakynda her ýyl hasabat berýär, salgyt töleýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen synçy aýtdy.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda prezident hem wagtal-wagtal sowgat berýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow goşgy bilen garşylan çagalara ýa aýdym-saz toparlaryna daşary ýurt walýutasynda sowgat berende, ol serişdeleriň özüne daşary ýurtly gurply adamlar tarapyndan, sahawatlylyk kömegi hökmünde berilýändigini aýdardy. Şol bir wagtda, tejribeden görnüşine görä, Nyýazow özüne berlen gymmatbaha ýüzük sowgatlaryny gezekleşdirip dakynmagy, hatda käte galstugynyň bahasyny aýdyň öwünmegi hem gowy görerdi.


Birinji prezidentden tapawutlylykda, G.Berdimuhamedow gymmatbaha ýüzükleri dakynmaýar we esasan daşary ýurt maşynlaryny, welosiped we at sowgat almagy gowy görýär; döwlet puluna satyn alynýan tehnikalary, gurulýan desgalary, hatda ýaryşlardaky baýraklary, 8-nji martda aýal-gyzlara berilýän ujypsyzja pul sowgadyny hem öz adyndan bermegi halaýar diýip, synçylar belleýär.

Bu gezek prezidente regionlaryň zähmetkeşleriniň adyndan at sowgat berilmegi pajygaly tebigy hadysa gabat geldi we Lebap welaýatynda we beýleki ýerlerde ýaşaýjylara uly möçberlerde maddy zyýan ýetiren, adam ýitgilerine getiren harasatly ýel döwlet baştutanynyň raýatlaryň öňündäki borçlaryna ýene bir gezek ünsi çekdi diýip, synçy aýtdy.


Goňşy Özbegistanyň prezidentiniň bu tebigy hadysa bilen bagly iň agyr zyýan çeken ýerlere sapar etmeginden, soňSyrderýa oblastynda bent ýarylan ýere gelip görmeginden tapawutlylykda, türkmen prezidenti tebigy hadysadan ejir çekenleriň halynda açyk habar almady, daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistleriň raýatlara gyssagly kömek bermek, ejir çeken maşgalalar müňlerçe dollar möçberinde ýardam bermek baradaky çagryşlary hem jogapsyz galdy.

Mundan başga, soňky ýyllardaky ykdysady kynçylyklar esasynda, türkmenistanlylaryň köpüsiniň garyp düşendigi we daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykyp, maşgala eklemäge çalyşýandygy, emma häkimiýetleriň raýatlara bu meselede hem emeli päsgelçilikleri döredýändigi habar berilýär.

Azat Adalga: Korrupsiýa
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:02:39 0:00

Azatlyk şu ýagdaýlar bilen baglylykda, zähmetkeşleriň adyndan prezidente her biri onlarça müň dollara durýan atlaryň sowgat berilmeginiň dowam etdirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri hakynda bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy we ondan türkmen zähmetkeşleriniň häzirki şertlerde prezidente at sowgat bermäge mümkinçiligi barmy diýip sorady.

Bu söhbetdeşligi diňläp, Türkmenistandaky sowgat medeniýeti diýilýän barada öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

N.Hanamow: Prezident korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmaly
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:35 0:00



XS
SM
MD
LG