Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Halkbankyň’ şahamçalarynda VISA kartlaryny almak isleýän ýüzlerçe adamyň uly nobatlary döredi


Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň biri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Şu günler Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabatdaky we Marydaky şahamçalarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu ýere üýşen adamlar daşary ýurt walýutasynda bank hasabyny açdyryp, Visa kartyny almaga we oňa ýerli manatda pul serişdesini goýmaga synanyşýarlar.

“‘Halkbankyň’ Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrundaky şahamçasynyň öňünde Visa kart almak isleýän ýüzlerçe adam üýşüpdir. Olaryň arasynda ençeme hepde bäri nobata durup, Visa karty üçin bank hasabyny açdyryp bilmeýän adamlar bar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň ýanwarynda dollaryň nagt söwdasyny ýatyrdy. Şondan bäri 1 amerikan dollarynyň resmi kursdaky bahasy 3,5 manat görnüşinde saklanýan bolsa-da, onuň “gara bazardaky” nyrhy bäş esseden hem köp gymmatlap, 20 manada ýetdi.

Dollar çäklendirmesiniň we gymmatçylygynyň fonunda, Visa kartlary – ýurt raýatlarynyň resmi kursdan dollar satyn almagynyň ýeke-täk çeşmeleriniň biri bolup durýar. Raýatlar her aýda 1786 manady özleriniň daşary ýurt walýutasyndaky bank hasaplaryna goýup, bu serişdäni Visa kartlary arkaly daşary ýurtlarda $500 görnüşinde nagtlaşdyryp bilýärler.

Aşgabatly habarçy Visa kartlary berlenden soňra, oňa pul goýmagyň iki esse görgüdigini hem belläp, bu ýerde-de ýüzlerçe adamyň nobata durandygyny aýdýar.

“Men Visa karta pul goýmak üçin ençeme günläp banka gatnadym. Adamlar bankyň öňünde irden sagat 05:30-da üýşüp başlaýarlar. Men 12-nji bolup nobata ýazyldym. Bank işgäri her gün diňe 5 adamyň Visa kartyna pul salyp bilýändigini, galanlaryň ertir gelmelidigini aýtdy. Ertesi sagat 7-de bankyň şahamçasynyň öňüne bardym. Şonda men 130-njy bolup nobata ýazyldym” diýip, habarçy belledi.

“Halkbankyň” Aşgabatdaky şahamçasy nobatlaryň üýşmeginiň we näme sebäpden günde diňe 5 adamyň kabul edilmeginiň sebäpleri barada ilat köpçüligine düşündiriş bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri şuňa meňzeş ýagdaýyň “Halkbankyň” Marydaky şahamçasynyň öňünde hem gaýtalanýandygyny aýdýar.

“Mary welaýatynyň ýaşaýjylary ‘Halkbanky’ işiginde uly nobata durýarlar. Olar daşary ýurt walýutaynda bank hasabyny açdyryp, Visa kartlaryny almaga synanyşýarlar. Adamlar aýlyklaryny we pensiýalaryny Visa kartlara goýjak bolýarlar. Olaryň arasynda üç aý bäri nobata duran adamlar hem bar. Bank işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler” diýip, maryly habarçy 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, azyk harytlarynyň gymmatlamagy we işsizlik bilen bagly, ilat arasynda Visa kartlaryna bolan talap artýar.

“Käbir adamlar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberýän bolsa, käbiri Özbegistan ýaly goňşy döwletlere gidip öz kartlaryndaky puly dollarda nagtlaşdyryp gelýärler. Käbir adamlar öz Visa kartlaryny Türkiýe, Russiýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlara iberýärler. Soňra olar bu dollary gara bazarda tas alty esse gymmatdan satýarlar. Olar şeýdip güzeran aýlaýarlar” diýip, habarçy belledi.

Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri Visa kartlaryny almak, olardaky maliýe serişdesini nagtlaşdyrmak bilen bagly yzygiderli çäklendirmeleri girizýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG