Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar


Türkmenistanda bir bugdaý ekilen meýdan. Arhiw suraty. Illýustrasiýa
Türkmenistanda bir bugdaý ekilen meýdan. Arhiw suraty. Illýustrasiýa

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň bugdaý ekilen meýdanlaryny pişikguýruk basýar, süle ýaly haşal otlar köpelýär. Oba hojalyk hünärmenleri bu ýagdaýy ideg işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalar, şeýle-de ekerançylyk meýdanlarynda ekin çalşygynyň öz wagtynda geçirilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Etrabyň Arkaç geňeşliginiň Tutly, Goç geňeşliginiň Zaw obalarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan gallaçy kärendeçiler özleriniň ekerançylyk meýdanlarynda pişikguýruk ösümliginiň köpelendigini aýdýarlar.

“Bugdaý meýdanlaryny gözümiziň öňünde pişikguýruk basýar. Ata-babalarymyz şeýle haşal otlara süle hem diýipdirler” diýip, bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Pişikguýruk däneliler maşgalasyna degişli ýasy uzyn ýaprakly ösümligiň bir görnüşi bolup, esasan mes toprakly ýerlerde ýabany ösýär we haşal ot hasaplanýar.

Süle hem köplenç bugdaý ekilýän meýdanlarda giň ýaýraýan haşal ot bolup, güýzlik bugdaýa uly zyýan ýetirýär.

Türkmen metbugatyna görä, şu günler Balkan welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu günler etrabyň bugdaý meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak işleriniň ýaýbaňlandyrylýandygyny, ýüzlerçe býujet işgäriniň mejbury zähmete çekilýändigini habar berýärler.

“Käbir bugdaý meýdanlaryny tas tutuşlygyna diýen ýaly pişikguýruk basypdyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Bir ýerli agronom bugdaý meýdanlarynda bu ösümligiň köpelmegini ekerançylyk meýdanlarynda ekin çalşygynyň öz wagtynda geçirilmezligi bilen baglanyşdyrýar.

“Ekerançylyk meýdanlaryna ýyllarboýy bir ekiniň ekilmegi ol ýerlerde ýabany pişikguýruk ösümliginiň ösüp-örňemegine getirýär. Pişikguýruk basan meýdanlarda ösüp ýetişen bugdaýyň hili üýtgeýär. Ol çowdary diýseň çowdary däl, mal iýmine-de ýaramaýan bir ösümlik bolup ýetişýär” diýip, gyzylarbatly bir agronom Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda her ýyl döwlet tabşyrygy esasynda ýüzlerçe müň gektarlyk ekerançylyk meýdanlary gowaça we bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berilýär.

“Ekerançylyk meýdanlaryny diňe gowaça ýa-da bugdaý bilen ýadatman, başga ekinler bilen çalyşmak zerur bolup durýar. Ýöne şeýle teklipleri häkimlere-de aýdyp bolmaýar. Ek diýýärler, ekýäris! Bu ýagdaýlar boýunça agronomlar bilen maslahatlaşyp, netije çykarsalar il-gün üçin hem, döwlet üçin hem gowy bolardy. Bu ýagdaýlary häzir hem özüni, hem ekerançylyk meýdanlaryny aldamaga çalyşýan hökümetimize düşündirmek kyn. Netijede, ýerli bugdaýdan öndürilýän unuň hem hili pese gaçdy, üwedilýän bugdaýyň köp bölegi kepege öwrülýär” diýip, ýerli agronom gürrüň berdi.

Turkmen.news neşiri ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň bugdaý meýdanlarynda hem pişikguýruk ýabany ösümliginiň köpelýändigini habar berdi. Daýhanlar pişikguýruk haşal otuna garşy gerbisidleri satyn almaga maliýe mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ýerli resmiler bu sebitde 2023-nji ýylda pişikguýruk haşal otuna garşy göreşmek boýunça ýörite ýygnak hem geçiripdirler. Ýöne bu ýygnakda gallaçy kärendeçilere degerli maslahatlarlar berilmändir.

“Kärendeçilere gerbisid gerek, daýhan birleşikleri gerbisidler bilen üpjün edip bilmeýär” diýip, neşir öz çeşmelerini sitirleýär.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda pişikguýruk, süle ýaly haşal otlaryň köpelmegi bilen bagly meseleler boýunça welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

2023-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdana güýzlik bugdaý ekildi. Hasyl öňümizdäki tomus aýlarynda ýygnalar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG