Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Dermanlary diňe goh turzup alyp bolýar’. Maryda lukmanlar derman ‘ýok’ diýýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda mümkinçiligi çäkli adamlar, şeýle-de inçekeselden, rak we ýürek kesellerinden ejir çekýän raýatlar özleriniň saglyk bejergisi üçin möhüm derman serişdeleriniň döwlet tarapyndan öz wagtynda berilmeýändigini aýdýarlar.

“Saglyk ätiýaçlandyrmasyna görä, her Saglyk öýi özüne degişli maýyplaryň dermanlaryny öýüne eltip bermeli. Ýöne eltip bermekden geçen, näsag adamlar ýa-da olaryň hossarlary dermanlary almaga baranda, dürli bahanalar bilen derman bermeýärler. Lukmanlar döwletiň näsaglara derman ýetişdirip bilmeýändigini aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy maryly ýaşaýjylaryň biriniň sözüni sitirledi.

Marylylaryň onlarçasynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, keselhanalarda, Saglyk öýlerinde we dermanhanalarda näsaglar ýa-da olaryň hossarlary dermanlary diňe “goh turzup alyp bilýärler”.

“Ysmaz keselinden ejir çekýän bir raýatyň hossary nerwini köşeşdirmek üçin niýetlenen dermany 6 aýlap alyp bilmändigini aýtdy. Bu döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasyna görä, her aýda 30 sany berilmeli Karbomezepin dermanydyr. Olar arz etjekdiklerini aýdandan soňra bu derman berlipdir” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynda bu wakanyň haýsy keselhanada bolandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Türkmenistanda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäginde 1995-1997-nji ýyllarda raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi. Bu ätiýaçlandyrma görä, raýatlar döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan dermanlary ýeňillikli bahadan ýa-da mugt alyp bilýärler. Şeýle-de, olara keselhanalarda we şypahanalarda mugt ýa ýeňillikli bahadan saglyk bejergisi hem berilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we ýurt raýatlary soňky iki ýylyň dowamynda bu ýeňilliklerden peýdalanmagyň barha kynlaşýandygyny, derman gytçylygynyň we keselhanalarda ýer ýetmezçiliginiň soňky aýlarda has hem ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar. Munuň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan anyk düşündiriş berilmeýändigi hem aýdylýar.

Şol bir wagtda-da, keselhanalarda, Saglyk öýlerinde we dermanhanalarda “ýok” diýilýän dermanlaryň lukmanlar tarapyndan gymmat bahadan satylýandygy barada maglumatlar hem bar.

“Bir ene çaga serebral ysmazyna ýolugan çagasyna günde 3 tabletka berilmeli nerwini köşeşdiriji dermanyň ýokdugy aýdylyp, onuň birnäçe aý berilmändigini gürrüň berdi. Ol lukmanlaryň bu dermanyň 1 ýalyk dozasyny 800 manatdan satandygyny aýtdy. Bu çaga döwlet tarapyndan aýda berilýän maýyplyk pul kömegi bolsa diňe 900 manada deň” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylan meseleleri tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtdaky derman gytçylygynyň we olaryň bahalarynyň gymmatçylygynyň fonunda, mümkinçiligi bolmadyk hassa raýatlaryň tebiplerden hem-de tebipçilikden em gözlemäge synanyşýandygy hem habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG