Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Mir bazary” abatlanmak üçin ýapylýar


"Mir bazary".
"Mir bazary".

Paýtagt Aşgabatdaky iň uly bazarlaryň biri abatlaýyş işleri sebäpli ýapylýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan ýapyljakdygy habar berilýän “Mir bazarynyň” haçan gaýtadan açyljakdygy barada söwdagärlere takyk maglumatyň berilmeýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, bu bazarda gazanç edýän ýüzlerçe söwdagäre resmiler tarapyndan goşmaça wariantyň hödürlenmändigi bellenilýär.

Mundan öň, Aşgabatda abatlaýyş işleri sebäpli, il içinde “Ors bazary” ady bilen tanalýan “Gülistan bazary” birnäçe ýyl we “Daşoguz bazary” bir ýyldan gowrak ýapylypdy.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň jikme-jikleri bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:48 0:00

XS
SM
MD
LG