Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan hemaýat bermekden ýüz öwürdi”


Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Bathys welaýatynyň Marçak etrabynda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy netijesinde müňlerçe ýaşaýjynyň türkmen-owgan serhediniň golaýyna gaçyp barmaga mejbur bolandygy habar berilýär.

Marçak etrabynyň ýaşaýjysy Myradyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda müňlerçe ýaşaýjy türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky derýanyň gyrasynda ýaşaýarlar. Ol ýaşaýjylara azyk serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde owgan hökümet güýçleriniň söweşijilere garşy operasiýalary geçirmegi netijesinde söweşijileriň käbir territoriýalardan yza çekilýändigi we derýanyň gyrasyna gaçyp baran ýaşaýjylaryň käbirleriniň yzyna – etraba dolanýandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosyndan Muhammet Tahyr türkmen-owgan serhedine gaçyp baran marçakly Myrat bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:05:19 0:00

XS
SM
MD
LG