Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Olary diri görkeziň" ÝB ýüzlendi


Türme
Türme
Awazada Halkara gaz kongresiniň geçýän wagtynda “Olary diri görkeziň!” atly hereket ÝB Trans-Hazar gaz proýekti bilen bilelikde “Adam hukuklaryny hem töwerek-daşy goramaly” diýen çagyryşly beýannama ýaýratdy.

2014-nji ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Hazar deňziniň kenarynda we nebit ýataklaryndan hem nebiti işleýji kärhanalardan daşda bolmadyk ýerde ýerleşýän durnuksyz tebigy şertli Awaza dynç alyş zolagynda geçirilen Türkmen Gaz kongresi ençeme halkara wekillerini, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ýokary derejeli hökümet wekillerini özüne çekdi” diýip beýannamada bellenýär.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýanyň resmi websaýtynda 22-nji maýda çap edilen beýannamada şeýle diýilýär: “Kongresiň öňüsyrasynda ÝB-niň Azerbaýjandaky wekili Malena Mard Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandan gazy import etmek isleýändigini žurnalistlere aýtdy we “ÝB-niň Trans-Hazar gazgeçirijisini goldaýandygyny” belledi. Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň aýylganç tejribeleriniň dowam etdirilýändigi nazara alnanda, “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa Türkmenistandan Azerbaýjana we soň Günbatara tarap Trans-Hazar gaz geçirijisini gurmak boýunça islendik resmi ylalaşykda iki ýurduň adam hukuklaryna degişli halkara kadalarynyň berjaý etmegi göz öňünde tutulmagyny talap edýär”.

Ýewropa Bileleşiginiň proýektiň ähli tapgyrlaryna maliýe ýa tehniki taýdan gatnaşmagy tebigata we adam hukuklaryna degişli halkara talaplarynyň ýokary derejede berjaý edilmegine laýyk gelmeli. Bu talaplaryň berjaý edilmezligi ÝB-niň adam hukuklarynyň gödek depelenmegine, şol sanda adamlaryň zor bilen ýitirilmegi we gynalmagy ýaly ýagdaýlara dahyllydygyny aňladar”, diýip “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň beýannamasynda aýdylýar.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan syýasy tussaglary goramak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilen wakada tussag edilen adamlaryň ykbaly barada türkmen häkimiýetlerinden maglumat bermegi talap edýär.

2002-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky öňki ilçisi Batyr Berdiýewyň we ýene-de onlarça adamyň ykbaly şu günki güne çenli näbelli bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG