Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzlaryň “formasy” täzelenýärmi?


Türkmen gyzlary Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän çäreleriň birine täze "formalarynda" gatnaşýarlar.
Türkmen gyzlary Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän çäreleriň birine täze "formalarynda" gatnaşýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň başky günlerinden bäri, bir renkdäki uzyn pombarh köýnekli, uzyn iki örüm saçly, kellesi tahýaly çärelere gatnaşyp ýören topbak-topbak gyzlar diňe ýurduň içinde däl, olaryň suratlary ýurduň daşynda hem göýä Türkmenistanyň simwollaryndan birine öwrüldi.

Emma şu hepde Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk hökmünde geçirilen çäreleriň birinde habarçymyz kellesi ýaglykly, emma bir meňzeş geýinen täze formadaky ençeme gyza duş geldi.

Ýüzlerçe gyzyň diňe bir reňkdäki ýaglyk we egin-eşik bilen şol çärä barmagy tötänlikmi ýa tabşyryk ? Bu barada häzirlikçe bir zat aýtmak kyn. Emma şol bir wagtyň özünde-de bu surat, “Ýurtda gyzlaryň milli egin-eşigi diýilip atlandyrylýan - formasy täzelenýärmi?” diýen, soragy hem döredýär.

Ýokardaky surata, suratdaky forma siz nähili baha berýärsiňiz? Eger gyzlaryň formasy täzelenip, bu hem formanyň täze görnüşi bolsa, onda bu forma siziň nähili garaýyşyňyz bar? Hökümetiň şonuň ýaly zatlara aralaşmagyna siz nähili garaýarsyňyz? Aşakdaky teswir bölüminde siziň pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG