Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýär”


Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Aşgabat, 8-nji iýul.
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Aşgabat, 8-nji iýul.
Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy partiýalar barada öz pikirini beýan edip, bu meselede oppozisiýa toparlary bilen hem hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýändigini aýtdy.

Mejlisde Berdimuhamedow ýurtda köppartiýalylygyň döremegi üçin kanunçylyk binýadyny esaslandyrmalydygyny aýtdy. Ýöne bu meselede gyssagly ýagdaýda emeli ýol bilen partiýalaryň döredilmejekdigini mälim edip, ýurtda köp sanly partiýalaryň esassyz köpelmegini goldamajakdygyny öňe sürdi.

Berdimuhamedow halk bilen häkimiýetiň arasyndaky hakyky aragatnaşygy üpjün etmek üçin netijeli işleýän iki partiýanyň hem ýeterlikdigini hasap edýändigini aýdyp, ol partiýalaryň halk köpçüliginiň goldawyna we uly abraýa eýe bolmalydygyny mälim etdi.

Öz partiýasyny döretmäge isleg bildirýän adamlaryň toparlaryna partiýanyň hasaba alynmagynda we onuň işiniň talaba laýyk guralmagyna hiç bir babatda päsgel berilmejekdigini Berdimuhamedow öz çykyşynda öňe sürdi.

Şeýle hem Berdimuhamedow “özüni oppozisiýa diýip atlandyrýan toparlar” bilen hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýändigini mälim etdi. Eger-de oppozisiýa girýän adamlardan kimdir biri öňde durýan prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, onda olaryň Türkmenistana arkaýyn gelip biljekdigini mälim eden Berdimuhamedow oppozisionerlere Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen deň-derejede, deň hukuklar esasynda saýlawlara gatnaşmaga mümkinçilikleriň dörediljekdigine doly kepil geçdi.

Bir partiýa hereket edýär

Türkmenistanyň özbaşdak ýurt bolanyna 20 ýyla golaý wagt bolandygyna garamazdan, ýurtda ýeke täk partiýa, ýagny Türkmenistanyň demokratik partiýasy hereket edýär. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow özüniň käbir çykyşlarynda Türkmenistanda köppartiýalylygyň döredilmegine rugsat berilmelidigini öňe sürüp gezen-de bolsa, iş ýüzünde bu meselä garşy bolupdy.

Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen döwlet başyna gelen Berdimuhamedow ýurtda köppartiýalylyk meselesine özüniň prezidentlik wezipesine saýlananyna diňe üç ýyl geçenden soň dolanyp geldi. 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde Berdimuhamedow ýurtda köppartiýalyk jemgyýetçilik syýasy ulgamyny döretmäge wagtyň ýetendigini aýtdy.

Şol maslahatda Berdimuhamedow ýurtda ikinji partiýa hökmünde «Daýhanlar» partiýasynyň döredilmeginiň mümkinçiligi barada hem aýdypdy. Şunuň bilen baglylykda ol Türkmenistanyň Mejlisine «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň taslamasynyň üstünde işlemegi we ony taýýarlamagy tabşyrypdy.

Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda köppartiýalylyk barada öňe sürlen tekliplere bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, Türkmenistanda bu meselede hiç bir öňe gidişlikler göze ilmeýär. Türkmenistanyň Mejlisi bolsa «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň taslamasy bilen bagly alnyp barylýan işler barada hiç hili habar bermeýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG