Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Eýrana garşy ar alyş hüjümini edendigi aýdylýar


Sosial ulgamlarda peýda bolan wideo Isfahanyň golaýy diýilýän ýerde bolan birnäçe uly partlamany görkezdi.
Sosial ulgamlarda peýda bolan wideo Isfahanyň golaýy diýilýän ýerde bolan birnäçe uly partlamany görkezdi.

Ysraýyl Eýrana garşy hüjüm gurady diýip, ABŞ metbugaty ABŞ-nyň hökümet resmilerine salgylanyp habar berdi.

Bu Tähranyň geçen hepdäniň aýagynda öz ganym duşmanyna garşy gurnan görlüp-eşidilmedik howa hüjümi üçin gurnalan ar alyş hüjümi bolup görünýär.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty 19-njy aprelde merkezi Isfahan şäheriniň golaýynda partlama sesleriniň eşidilendigini aýtdy.

CNN-de we sosial ulgamlarda peýda bolan wideo Isfahanyň golaýy diýilýän ýerde bolan birnäçe uly partlamany görkezdi.

Eýranyň döwlet habar gullugy IRNA Isfahanda ýerleşýän uly howa bazasyndaky howa goranyş ulgamlarynyň ok atandygyny aýtdy. Bu 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan ozal ABŞ-dan alnan F-14 Tomkatlaryň, Eýranyň garry flotunyň ýerleşýän bazasy bolup durýar.

Şeýle-de, Yspyhanda Eýranyň ýadro maksatnamasynyň bir bölegi bolan desgalary, şol sanda ýer astynda uran baýlaşdyryş merkezi, Natanz ýerleşýär.

Bu habarda goşmaça maglumat berilmedi we Ysraýyl hüjüminiň edilendigini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Eýranyň döwlet telewideniýesi, ýokarda uçýan pilotsyz uçarlar habarlarynyň arasynda birnäçe welaýatda howa goragy ulgamlarynyň ok atandygyny habar berdi.

Tähranyň hiç bir resmisi Eýranyň hüjüm astyndadygyny gönüden-göni boýun almady, Ysraýyl goşuny bu habar barada düşündiriş bermedi.

Halkara Atom energiýasy agentligi (HAEA) Eýranyň ýadro desgalaryna zyýan ýetendigini görmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG