Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl, habar berilmegine görä, Eýrana gaýtawul hüjümini amala aşyrdy


Sosial media wideosy, habar berilmegine görä, Eýranyň Yspyhan şäherindäki bir harby bazanyň golaýynda bolup geçendigine ynanylýan partlamary surata düşürýär.
Sosial media wideosy, habar berilmegine görä, Eýranyň Yspyhan şäherindäki bir harby bazanyň golaýynda bolup geçendigine ynanylýan partlamary surata düşürýär.

Ysraýyl Eýrana hüjüm amala aşyrdy diýip, ABŞ mediasy ABŞ-nyň hökümet resmilerine salgylanyp habar berýär. Bu hüjüm Tähranyň geçen hepdäniň ahyrynda özüniň barlyşyksyz duşmanyna garşy amala aşyran görlüp-eşidilmedik howa hüjümine garşy gaýtawul zarbalary ýaly bolup görünýär.

Eýranyň döwlet mediasy Yspyhan şäherinde 19-njy aprelde irden partlama sesleriniň eşidilendigini aýtdy.

CNN telekanalynda hem-de sosial ulgamlarda paýlaşylan wideo Yspyhan şäheriniň golaýynda bolup geçendigi aýdylýan birnäçe iri partlamalary görkezýär.

Eýranyň IRNA döwlet habarlar agentligi Yspyhandaky iri howa bazasynda howa goranyş ulgamlarynyň ot açandygyny aýtdy. Bu bazada Eýranyň, 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan ozal satyn alan we ABŞ-da öndürilen, köne F-14 “Tomcat” söweş uçarlary saklanýar. Şeýle-de, Yspyhanda Eýranyň ýadro programmasyna degişli desgalar, şol sanda ýer astyndaky Natanz urany baýlaşdyryş desgasy ýerleşýär.

Habarlar agentligi başga jikme-jiklik bermedi. Ysraýylyň hüjümi garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi, uçýan pilotsyz uçarlar baradaky habarlaryň arasynda, birnäçe welaýatda howa goranyş ulgamlarynyň ot açandygyny habar berdi.

Tähranyň hiç bir resmisi Eýranyň hüjüm astynda bolandygyny gönümel ykrar etmedi, Ysraýylyň harbylary teswir bermedi.

Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) Eýranyň ýadro desgalarynda özüniň hiç hili zeper ýetme hasaba almandygyny aýtdy. Hepdäniň başlarynda, bu desgalaryň, Ysraýyl Eýrana zarba uran halatynda, ahmal nyşanalar bolup biljekdikleri barada gürrüňler boldy.

Eýranyň iň esasy ýadro desgalarynyň biri bolan Natanzdaky gurnama Yspyhanda ýerleşýär. Şeýle desgalarda birnäçe sabotaž hüjümleri bolup geçdi, Tähran bu hüjümler boýunça Ysraýyly aýyplap gelýärdi.

“Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) Eýranyň ýadro desgalarynyň hiç hili zyýan çekmändigini tassyklap bilýär” diýip, BMG-niň ýadro desgalaryna esewan ediji guramasy öňki Twitterde, X platformasynda aýtdy.

“Baş müdir Rafael Grossi hemmeleri aşa derejede saklanmaga çagyryş etmegi dowam etdirýär we ýadro desgalarynyň harby çaknyşyklarda asla nyşana bolup bilmejekdigini gaýtalaýar. Atom energiýasy boýunça halkara agentligi ýagdaýa ýakyndan esewan edýär” diýip, gurama aýtdy.

Ysraýyl zarbalarynyň 19-njy aprelde Siriýa goşunynyň ýurduň günortasyndaky pozisiýalaryny hem nyşana alandygy habar berildi.

AFP habarlar agentligine görä, düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça siriýa obserwatoriýasynyň başlygy Rami Abdel Rahman özüniň Ysraýyl bilen ilteşdiren zarbalarynyň Siriýanyň goşunynyň Sweida we Daraa welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän “radar gurnamalaryny” nyşana alandygyny aýtdy.

Tähran 14-nji aprel güni ir sagatlarda Ysraýyla 300-den gowrak dron we raketalar bilen hüjüm etdi, olaryň tas ählisi diýen ýaly Ysraýylyň goranyş ulgamlary tarapyndan urlup ýykyldy, şeýle-de Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Britaniýa we Iordaniýa güýçleri tarapyndan tutuldy.

1-nji aprelde Eýranyň Damaskdaky ilçihana binasyna edilen we iki generaly öldüren güman edilýän ysraýyl howa zarbasynyň yz ýany, Ysraýylda Tähranyň hüjümine giňden garaşylýardy.

Şondan bäri, dünýäniň çar künjeginde diplomatlar we syýasatçylar, Ysraýylyň berjek jogabyna garaşyp, hem-de Ýakyn gündogarda nobatdaky iri çaknyşygyň ýüze çykmagyndan howatyr edip, saklanmaga çagyryş etdiler.

Premýer ministr Benýamin Netanýahu 17-nji aprelde Ysraýylyň öz topraklaryna edilen görlüp eşidilmedik hüjüme jogap berip-bermejekdigi barada, ýa-da nähili gaýtawul berjekdigi dogrusynda karar kabul etjekdigini aýtdy.

Ysraýyl we Eýran onlarça ýyllardan bäri birek-birege barlyşyksyz duşman bolup gelýärdi. Ýöne Eýranyň amala aşyran howa hüjümleri, bir-birege hüjüm etmekde proksi güýçlerini ýa-da beýleki tarapyň üçünji ýurtdaky emlägini nyşana almak usullaryny ulanmazdan, birek-biregiň territoriýasyna edilen ilkinji gönümel hüjüm boldy.

Bu aralykda, apreliň başlarynda, Ysraýyl bilen Eýran aradaky dartgynlylygyň ýokarlanmak ähtimallygy bilen bagly aladalaryň arasynda, Eýranyň günorta goňşusy Türkmenistanyň günbatar welaýatynda, Eýran bilen serhet ýaka sebitlerde, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy.

Azatlyk Radiosynyň harby çeşmeleri bu howsala ýagdaýynyň, Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlylyk bilen baglylykda, Eýranyň günorta goňşusy Türkmenistanyň çäginde ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlara garşy taýýarlyk çäreleriniň çäginde yglan edilendigini aýtdylar.

Bu hüşgärlik ýagdaýy, ýüze ýykyp biljek radiasiýa howpunyň arasynda, serhet ýaka sebitlerdäki ýaşaýjylaryň howpsuz ewakuasiýa edilmegini guramalaşdyrmak we olara öz wagtynda gaz maskalarynyň paýlanyp berilmegini üpjün etmek ýaly çäreleri öz içine aldy. Şeýle-de, ýurduň çägini, ýalňyşlyk bilen, tötänden düşüp biljek raketalara garşy goramak maksady bilen, harby hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy.

14-nji aprelde, Eýranyň Ysraýyla amala aşyran dron we raketa hüjümleriniň arasynda, käbir türkmenistanlylar sosial ulgamlarda ýurduň howa giňişliginde özleriniň raketa yzlaryny görendiklerini öňe sürdüler. Sosial media ulanyjylary Lebap welaýatynyň howa giňişliginde yzda tüsse galdyrýan bir ýagtylygy görkezýän wideolary paýlaşyp, bu şekilleriň raketa bolmak ähtimallygyny öňe sürdüler. Azatlyk Radiosy bu wideolaryň ýa-da maglumatlaryň hakykydygyny tassykladyp bilmeýär we wideolary paýlaşmakdan saklanýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri Ýakyn gündogardaky soňky dartgynlylyklar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG