Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň uzak aralyk bombaçysyny ýykandygyny aýdýar


Russiýanyň Tu-22 bombaçysy
Russiýanyň Tu-22 bombaçysy

Ukrain goşuny 19-njy aprel güni irden, Russiýanyň eden raketa we pilotsyz uçar hüjüminden soň, Russiýanyň strategiki Tu-22 bombaçysyny ýok edendigini aýtdy.

“Bu Russiýanyň strategiki uçarynyň şu gün biziň asuda şäherlerimize eden we parahat ilaty öldüren hüjümi üçin ar alyş" diýip, howa güýçleriniň metbugat wekili Ilýa Ýewlaş Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

Harbylar sosial mediada çap edilen beýanatda Howa güýçleriniň howa gämilerine garşy raketa bölümleriniň, Goranmak aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlykda, “ilkinji gezek” uzak aralyk bombaçyny ýok edendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG