Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kemeron bilen duşuşyp, onuň saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, taraplar ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Nebit-gaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagy goldanylýar diýip, habarda anyk hiç bir zat aýdylmaýar.
Şeýle-de, resmi maglumata görä, taraplar howanyň üýtgemegi, onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
D.Kameron Aşgabada Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa edýän saparynyň çäginde bardy.