Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze awtobuslar awtoparklarda könelýärkä, lebaplylaryň transport kynçylyklary ýitileşýär


Türkmenistanyň awtobus duralgalarynyň birinde transport serişdesine garaşýan ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň awtobus duralgalarynyň birinde transport serişdesine garaşýan ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)

Soňky aýlarda Lebabyň Türkmenabat şäherinde jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy ýaramazlaşdy. Ýaşaýjylar şäheriçi ugurlar boýunça käbir awtobuslaryň gatnawynyň tas doly ýatyrylandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şäher ýaşaýjylary döwlet awtobuslarynyň ýetmezçiliginden kösenýärler. S.A.Nyýazow köçesinde hereket etmeli 10, 13, 1 we 7 belgili awtobuslar soňky hepdelerde köçelerde tas görünmeýär. Bu awtobuslaryň diňe käbirine tutuş günüň dowamynda bir ýa-da iki gezek duş gelse bolýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu köçäniň ugrunda şu günler diňe 6 belgili awtobusy görse bolýar. Bu awtobus ugry Türkmenabadyň halkara aeroportuna çenli barýar.

Emma ýaşaýjylar bu belgili awtobuslaryň hem hemişe ýolagçylardan doludygyny, olara müner ýaly däldigini we olaryň diňe käbiriniň aeroporta çenli barýandygyny, köpüsiniň howa menziline ýetmän yzyna gaýdýandygyny aýdýarlar.

“Eger 6 belgili gatnaw ugruny ‘Hyundai’ kysymly awtobus ýerine ýetirýän bolsa, ol aeroporta çenli barýar. Ýöne bu ugry ýerine ýetirýän transport serişdesi Russiýadan satyn alnan ‘PAZ’ kysymly awtobus bolsa, onda ol 5-nji bazara çenli baryp, soňra yzyna gaýdýar. Ýerli häkimiýetler muny halkara aeroportyň ‘owadanlygyna’ zyýan ýetirmezlik üçin edýärler” diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şäheriň beýleki köçelerinde hem şuňa meňzeş ýagdaýlar gaýtalanýar. Bu ýagdaýlar, şäher ýaşaýjylarynyň işe we beýleki ýerlere wagtynda barmagyna päsgelçilik döredýär.

“Şäherdäki jemgyýetçilik transport ýetmezçiliginiň öwezini sowet döwründen galan, häzir hususy eýeçilikdäki ‘GAZ-53’ kysymly awtobuslar hem ödäp bilmeýär. Olaryň nyrhy döwlet awtobuslarynyň bahasyndan iki esse gymmat. Bu awtobuslaryň içi-de ýolagçydan doly” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Lebaplylaryň ençemesi bu problemalar barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýerli edarasyna, ýagny “Lebapawtoulag” önümçilik birleşigine edýän şikaýatlarynyň oňyn netije bermeýändigini hem aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan birleşik bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almak synanyşyklary hem başa barmady.

Agentligiň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, Lebap welaýatynda Paz-32054 kysymly awtobuslaryň 174-si ýolagçylary gatnatmak hyzmatyny alyp barýarlar. Bu ulaglaryň 96-sy şäher içi, 78-si bolsa şäherara gatnaýarlar.

“Iran Hodro” kysymly awtobuslaryň hem 52-si şäher içinde raýatlara hyzmat edýär. "Hyundai New Aero Сity " awtobuslaryň hem 55-si şäher içine gatnaýar.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Türkmenabat şäherinde gatnaýan döwlet awtobuslarynyň umumy sanynyň 10-dan aşmaýandygyny belleýär.

Sebitde transport kynçylyklarynyň ýitileşýändigi baradaky maglumat, “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň awtoparkynda 100-den gowrak awtobusyň birnäçe aý bäri ulanylman, açyk asmanyň astynda saklanylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Sebitiň köçelerinde ulagsyz kösenýän adamlaryň 24 ýolagça niýetlenen “Toyoto” awtobuslaryna her gün diýen ýaly garaşýandygyny, Lebapdaky habarçylarymyz şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri birnäçe gezek habar berdiler. Emma häkimiýetler bu habarlara häzire çenli hiç bir reaksiýa bildirmän gelýärler.

Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalary tarapyndan öndürilen awtobuslaryň ýüzlerçesiniň satyn alnandygyny ençeme gezek habar berdiler.

Muňa garamazdan, ýurtda jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy ýyllarboýy ýaramaz bolmagynda galýar. Ýolagçylar köplenç hususy awtobuslaryň we taksileriň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG