Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda agyr ýagyşlardan soň ýeriň süýşmegi netijesinde üç adam öldi


Täjigistandaky ýer süýşmeleri. 5-nji maý
Täjigistandaky ýer süýşmeleri. 5-nji maý

Täjigistanda geçen dynç günleriniň dowamynda agyr ýagyşlar sebäpli dörän suw joşmalary we ýeriň süýşmegi netijesinde üç aýal öldi. Bu barada Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti 6-njy maýda habar berdi.

Maglumata görä, ýer süýşmeleri Merkezi Aziýadaky bu döwletiň Sughd, Halton we Daglyk-Badagşan awtonom regionynda, şeýle-de paýtagt Duşenbäniň daşyndaky käbir etraplarda hasaba alyndy.

5-nji maýda agyr ýagyşlaryň netijesinde Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken we Jalal-Abat sebitlerinde hem ýer süýşmeleri döräp, olar ýerli infrastruktura we ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirdi. Adam ýitgileri barada habar bolmady.

XS
SM
MD
LG