Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary bilim edarasynda paranyň möwjeýändigini aýdýar


Talyplaryň birnäçesi mugallymlaryň parany bermekden ýüz öwren talyplara synaglarda pes baha goýmak barada haýbat atýandygyny aýdýar. (Illýustrasiýa suraty)
Talyplaryň birnäçesi mugallymlaryň parany bermekden ýüz öwren talyplara synaglarda pes baha goýmak barada haýbat atýandygyny aýdýar. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary bilim edarasynda para-berimiň möwç alýandygyny, mugallymlaryň özlerinden aç-açan para soraýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan talyplaryň birnäçesi mugallymlaryň parany bermekden ýüz öwren talyplara synaglarda pes baha goýmak barada haýbat atýandygyny belleýär.

“Mugallymlar utanman, çekinmän, howatyr bolmazdan, talyplaryň her birinden hasap, ýagny ‘zaçýot’ üçin 50 manat pul talap edýärler. Her semestrde iki-üç sapakdan hasap, iki-üç sapakdan hem synag bolýar. Heniz semestriň tamamlanmagyna iki aý wagt bolsa-da, mugallymlar häzirden okuwçylara haýbat atyp, nagt pul ýygnaýarlar” diýip, aşgabatly talyp gürrüň berdi.

Talyplaryň sözlerine görä, para almak tejribesi mugallymlaryň arasynda dil düwüşmek esasynda amal edilýär. Bu ýagdaýdan mekdebiň müdiri we onuň orunbasary hem habarly bolup, bikanun etmişler üçin hiç kim jogapkärçilige çekilmeýär.

“Mugallymlar mekdebi tamamlanyňda, okuw şahadatnamaňdaky bahalaryň ählisini 4-5-lik baha etdirmek üçin-de, her baha üçin, degişlilikde 150-200 manat soraýarlar” diýip, aşgabatly başga bir talyp gürrüň berdi.

Talyplar we olaryň ene-atalary bu ýagdaýyň ýaşlaryň arasynda bilime, okamaga we öwrenmäge bolan höwesiň ýiti pese gaçmagyna, geljekde eli diplomly, ýöne hünärsiz we jemgyýete peýdasyz, kä halatda zyýanly adamlaryň ýetişmegine getirýändigini aýdýarlar.

“Talyplar okasaň ýa okamasaň-da, bilseň ýa bilmeseň-de, hasapdan we synagdan geçirýändiklerini, gowy baha almak üçin bolsa, para bermelidiklerini bilýärler. Şol sebäpli talyplar mekdebe gelip, görnüp, oturyp, günlerini, aýlaryny we ýyllaryny boş geçirip gidýärler” diýip, aşgabatly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azalyk bu aýdylanlar barada agzalýan mekdepden we şäheriň bilim bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň bilim pudagy, soňky onýyllyklarda yglan edilen ençeme özgertmä garamazdan, giň ýaran korrupsiýa, mugallymlaryň we okuwçylaryň dürli köpçülikleýin çärelere çekilmegi ýaly ýagdaýlar bilen baglylykda, döwrüň talaplaryndan yza galmakda tankytlanýar.

Soňky aýlarda habarçylarymyz para-berimiň ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna, orta hünär mekdeplerine, okuwçylaryň mekdeplere we körpeleriň çagalar baglaryna girmek prosesinde hem möwjeýändigini ençeme gezek habar berdiler.

Maý aýynda bolsa, Mary welaýatyndaky habarçylarymyz sebitiň käbir mekdeplerinde mugallymlaryň pul ýygnamak we beýleki talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atýandygyny aýtdylar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

"Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG