Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Odesa uran zarbasynda 14 adam ýaralandy


Rus zarbalarynyň netijleri
Rus zarbalarynyň netijleri

2-nji maýda Russiýanyň Ukrainanyň Garaz deňziň kenaryndaky Odesa şäherine uran zarbasynda 14 adam ýaralandy, şeýle-de möhüm raýat infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi. Bu barada regionyň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Kiper mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Harkiw we Donetsk sebitlerine uran zarbalary netijesinde bäş adam öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berdi.

Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky, Russiýa bilen serhetleşýän, Harkiw sebitine atylan zarbalarda asuda ilatyň arasyndan iki adam, ýagny ulagyň içinde bolan 38 ýaşly bir aýal we onuň kakasy heläk boldy. Zoloçiw şäherine edilen hüjüm barada Harkiwiň regional häkimi Oleh Synýehubow mälim etdi.

Onuň maglumatyna görä, sebitiň Kuýpansk şerhiniň golaýyndaky Lelýukiwka obasyna urlan zarbada 67 ýaşly bir aýal hem ölüpdir.

Donetsk regionynyň Hirnyk şäherine atylan zarbalarda iki adam öldi, başga-da altysy ýaralandy diýip, regional häkim Wady Filaşkin aýtdy.

XS
SM
MD
LG