Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa raketalar we dronlar bilen Ukrainanyň möhüm infrastrukturasyny nyşana aldy


Russiýanyň Ukrainanyň elektrik desgasyna uran zarbasy.
Russiýanyň Ukrainanyň elektrik desgasyna uran zarbasy.

Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň azyndan alty sebitine 50-den hem aşa raketa we 20 dron bilen hüjüm edip, möhüm infrastruktura desgalaryny nyşana aldy diýip, 8-nji maýda Ukrainanyň resmileri mälim etdiler.

Olar käbir desgalardaky weýrançylyk we zeper barada habar berdiler, emma mümkin zyýanyň anyk gerimi doly belli däl.

Energiýa ministri Herman Haluşçenko muny alty regionyň “energiýa infrastrukturasyna garşy edilen nobatdaky giň gerimli hüjüm” diýip atlandyrdy.

Ol Poltawa, Kirowohrad, Zaporižýa, Lwiw, Iwano-Frankiiwsk we Winnytsia sebitlerindäki elektrik desgalarynyň nyşana alnandygyny belledi.

Merkezi Poltawa etrabynyň harby administrasiýasynyň başlygy Filip Pronin dronyň hüjümi netijesinde, elektrik desgalaryň birinde ýangynyň ýüze çykandygyny aýtdy.

Günortadaky Zaporižýa regionynyň harby administrasiýanyň başlygynyň sözlerine görä, sebitiň “möhüm we raýat infrastruktura desgalary” rus zarbalarynyň nyşanasy bolupdyr. Bu sebitde Ýewropanyň iň iri ýadro desgasy hem ýerleşýär.

Ukrainanyň günbataryndaky Lwiw şäheriniň Stryhi etrabyndaky möhüm energiýa infrastrukturasyna we Çerwonohrad etrabyndaky elektrik-generator desgasyna urgy gelip degdi. Bu barada ýerli häkim maglumat berdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski Telegram kanalynda Russiýanyň azyndan 50 raketany we 20 drony atandygyny aýtdy.

Ol bu hüjümleriň BMG-niň Ikinji Jahan urşunda heläk bolanlaryň hatyrasyna ykrar eden Hatyra we ýaraşyk gününde bolup geçendigini hem nygtady.

“Tutuş dünýä kimiň kimdigine açyk göz ýetirmeli” diýip, Zelenski ýazdy, soňundan hem Russiýanyň öz ýurduna garşy alyp barýan hüjümini Nasistik Germaniýanyň hereketleri bilen deňeşdirdi.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly gerimli urşa başlandan soň, ýurduň energiýa infrastrukturasyny ýygy-ýygydan nyşana alýar.

Forum

XS
SM
MD
LG