Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus we gazak topraklaryndan geçýän Tobolyň suw derejesi ‘howply’ ýokarlanýar


Agyr ýagyşlar we howanyň wagtyndan öň aşa maýlamagy netijesinde çalt erän garlyklar Gazagystan bilen araçäkdeş sebitde suw joşmalaryna sebäp bolup, Russiýanyň Kurgan sebitinden geçýän Tobol derýasynyň suw derejesi "howply" derejede ýokarlandy.

Sebit häkimiýetleri 17-nji aprelde Günbatar Sibirden geçýän we Gazagystanyň demirgazyk sebitine, Kostanaýa gelip girýän, bu ýerde Tobyl diýilýän derýanyň suw derejesiniň ýokarlanyp, bir ýerde tasdan 11 metre, beýleki ýerlerde bolsa 10 metr çemesine ýetendigini aýtdylar.

Olar suw derejesiniň has-da ýokarlanmagyndan howatyrlanyp, derýanyň kenarynda ýerleşýän birnäçe şäheriň we obanyň ýaşaýjylarynyň mümkin boldugyça çalt ewakuasiýa edilmegine çagyrdylar. Sil howpy sebäpli Kurgan sebitinde 13,000-den gowrak adam ewakuasiýa edildi.

Ýaşaýan ýerinden göçürilen adamlaryň köpüsi beýleki sebitlerdäki garyndaşlary bilen ýaşamaga gitdi, ýöne ýüzlerçe adam wagtlaýyn gaçybatalga ýerleşdirildi.

Goňşy Gazagystanda Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, sil zerarly, 116,000 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Soňky gowşan maglumatlara görä, suw joşmalarynyň arasynda Gazagystanda ýedi adam öli tapyldy. Gazagystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Marat Kojaýew 18-nji aprelde ölen ýedi adamyň Atyrau sebitinden bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol Abaýyň demirgazyk-gündogar sebitinde iki adamyň dereksiz ýitendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG