Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmesinde oturan žurnalist özüne ýöňkelen günäni şindem akylyna sygdyryp bilmeýändigini aýdýar


Alsu Kurmaşewa
Alsu Kurmaşewa

Alsu Kurmaşewa takmynan 25 ýyl Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynda žurnalist bolup işledi. Emma soň, alty aý mundan ozal, öz sözleri bilen aýdylsa, onuň ozal mydama sagbolsun alan işi birden "jenaýat boldy".

Bu öwrülişik pursady 18-nji oktýabrda, rus we amerikan goşa raýatlygy bolan Kurmaşewa Tatarystanyň paýtagty Gazan şäheriniň uçar menzilinde saklananda boldy.

Rus häkimiýetleri ony rus kanunçylygy astynda, žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini we beýlekileri nyşana alýan jeza beriji kanunyň talabyny ýerine ýetirmezlikde, “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmazlykda aýyplady.

Soň ol rus goşunlary barada galp maglumatlary ýaýratmakda aýyplandy. Eger günäli tapylsa, iki çaganyň ejesi bolan žurnaliste 10 ýyla çenli türme tussaglygy howpy abanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy we ABŞ hökümeti bu aýyplamalaryň oňa Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bolup işlänligi üçin, ar alyş çäresi hökmünde ýöňkelýändigini aýdýarlar.

Ol Russiýa garry ejesini görmek we oňa ideg etmek üçin gidipdi. Ol ilki Kazan howa menzilinde, 2-nji iýunda yzyna alyp gaýtjak uçara garaşýan mahaly tussag edildi. Şonda onuň iki pasporty hem elinden alyndy.

"Men geçen ýylyň 18-nji oktýabrynda henizem akyla sygdyryp bilmeýän aýyplamalarym esasynda tussag edildim" diýip, ol Kazanda tatar dilinde çap edilýän aýlyk gazetde golaýda çap edilen hatynda ýazdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda işleýän adamsy Pawel Butorin, 12 we 15 ýaşlaryndaky iki gyzy bilen Pragada ýaşaýan Kurmaşewa türme şertleriniň ýaramazdygyny, bejergi alyp bilmeýändigi üçin, öz saglyk ýagdaýynyň barha peselýändigini gürrüň berdi.

Alsu "käbir keselleriniň güýçlenendigini" ýazýar. Ýöne ol dermanlar we yzygiderli edýän maşklarym "maňa bu ýagdaýa çydamaga güýç berýär" diýýärr.

"Ol diňe bir amerikan bolany üçin şeýle adamkärçiliksiz şertlerde saklanýar" diýip, Butorin aýtdy.

“Men Russiýanyň hökümetiniň maňa we çagalaryma Alsuyň näme üçin zamun astynda saklanylýandygyny düşündirmegini isleýärin. Ol oppozisiýa syýasatçysy däl. Ol aktiwist däl. Ol jenaýatçy däl. Onuň tussag edilmegi ýalňyşlyk. Ol türmede bolmaly adam däl" diýip, žurnalistiň ýanýoldaşy aýtdy.

Tankytçylaryň we hukuk toparlarynyň köpüsiniň aýtmagyna görä, daşary ýurt agenti diýilýän kanun Kreml tarapyndan islendik başgaça pikiri basyp ýatyrmak we ýok etmek üçin ulanylýar.

Şeýle-de, Moskwa amerikan raýatlaryny Birleşen Ştatlarda türmede oturan ruslar bilen çalyşmak üçin, söwda çipi hökmünde ulanmak niýeti bilen tussag etmekde aýyplanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapusyň sözlerine görä, "Rus häkimiýetleri bikanun tussag edilen Alsu Kurmaşewa garşy aýylganç jenaýat kampaniýasyny alyp barýar".

“Serhetsiz habarçylar” (RSF), žurnalizim gözegçiligi guramasy, “Russiýanyň türme ulgamyndaky ýaramaz şertler sebäpli, Kurmaşewanyň saglyk ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyny, häkimiýetleriň onuň ABŞ raýaty hökmündäki hukuklaryny dowamly inkär edýändigini” aýtdy.

"ABŞ-nyň konsullyk kömegine rugsat bermekden boýun gaçyrmak Wena konsullyk gatnaşyklary konwensiýasynyň (VCCR) aç-açan bozulmagydyr. Serhetsiz habarçylar guramasy ABŞ hökümetini onuň boşadylmagy üçin edýän tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrýar" diýip, Serhetsiz habarçylar guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Žanna Kawleýer Kurmaşewanyň tussag edilmeginiň alty aýlygyna gabatlap aýtdy.

Başga bir amerikan žurnalisti, “Wall Street Journal” gazetiniň işgäri Ewan Gerşkowiç, içalyçylyk aýyplamasy bilen, 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri tussaglykda saklanýar. Gazet 32 ýaşly habarçynyň tussag edilen wagtynda diňe akkreditlenen habarçy wezipesini ýerine ýetirendigini aýdýar we onuň içalyçylyk edendigi barada aýdylýanlary üzül-kesil inkär edýär.

Gerşkowiç ABŞ hökümeti tarapyndan nädogry tussag edilen adam diýlip kesgitlendi. Emma Kurmaşewa, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň we Kurmaşewanyň maşgalasynyň haýyşlaryna garamazdan, beýle kesgitleme almady.

Bu kesgitleme onuň kazyýet işiniň Döwlet departamentinde zamunlyk işlerine seredýän ýörite wekiliň gözegçiligine berilmegini, onuň ýagdaýynyň syýasy derejesiniň ýokarlanmagyny we Baýden administrasiýasynyň žurnalistiň boşadylmagyny üpjün etmek üçin has köp serişde bölüp bermek mümkinçiligini aňladýar.

Fewral aýynda 23 ýurt Kurmaşewany UNESKO/Guillermo Cano 2024 Bütindünýä metbugat azatlygy baýragyna hödürledi.

1997-nji ýylda döredilen baýrak her ýyl ýüzbe-ýüz bolýan "howplaryna we yzarlamalara" garamazdan, metbugat azatlygyny goramaga we wagyz etmäge "uly" goşant goşan bir adama ýa-da bir topara berilýär.

Emma Kurmaşewa üçin baýrak almagy o diýen möhüm ýa üns bermeli mesele däl. Muňa derek, öz sözleri bilen aýdylanda, onuň bar maksady we "Iň uly islegi, bu ýerden sag-aman çykmak” bolup durýar.

Forum

XS
SM
MD
LG