Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ymamlardan daşary ýurda çykyş pasportlaryny tabşyrmak soralýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, müfti Nuriddin Holiknazarow, premýer-ministr Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar Daşkent şäherindäki "Şahidlar hotirasi" kompleksinde geçirilen dabaralara gatnaşýarlar. 2023-nji ýylyň 31-nji awgusty.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, müfti Nuriddin Holiknazarow, premýer-ministr Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar Daşkent şäherindäki "Şahidlar hotirasi" kompleksinde geçirilen dabaralara gatnaşýarlar. 2023-nji ýylyň 31-nji awgusty.

Özbegistanda metjitleriň ymamlarynyň we ymamlaryň orunbasarynyň daşary ýurda çykyş pasportlaryny ýurduň dini edaralarynyň wekillerine tabşyrmak haýyş edilýär. Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürrüňdeş bolan ymamlar "gyzyl" pasportlaryň ýygnalmagyny Moskwanyň "Krokus Siti" konsert zalynda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglanyşdyrdylar we muny ymamlara gözegçilik etmegi güýçlendirmek synanyşygy hasaplaýarlar.

3-nji aprelde Özbegistanyň ähli metjitleriniň ymamlaryna daşary ýurda çykyş pasportlaryny musulmanlaryň Dini administrasiýasynyň wekillerine tabşyrmagy soraýan hat gowuşdy.

Skrinşotdaky ýazgy Daşkent şäheriniň baş ymamynyň orunbasary Ergaş Rustamow tarapyndan, Telegram messenjeri arkaly etraplaryň baş ymamlaryna ugradyldy.
Skrinşotdaky ýazgy Daşkent şäheriniň baş ymamynyň orunbasary Ergaş Rustamow tarapyndan, Telegram messenjeri arkaly etraplaryň baş ymamlaryna ugradyldy.

Daşkent şäheriniň baş ymamynyň hatyp ýardamçysy Ergaş Rustamowyň adyndan, Özbegistanyň metjitleriniň ymam-hatyplaryna (baş ymamlaryna) iberilen bu hatda (onuň nusgasy Azatlyk Radiosynda bar – Red.) şeýle diýilýär.

«Assalamu aleýkum, hormatly ymam-hatyplar! Biz sanaw bilen ähli metjitleriň ymam-hatyplaryň we ymam naýyplaryň daşary ýurda çykyş (gyzyl) pasportlaryny ýygnarys we olary wekillige tabşyrýarys. Pasportlaryň ýygnalmagy üçin, etraplaryň ymam-hatyplary jogapkärdir! Ýygnalmak häzirden başlanýar» diýlip, Telegram messenjeriň üsti bilen iberilen hatda aýdylýar.

Işinden kowulmak gorkusy sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daşkentli bir ymam Azatlyk bilen söhbetdeş bolanynda, pasportlaryň zor bilen ýygnalmagyny Moskwanyň "Krokus Sity” konsert zalyna guralan hüjüm bilen baglanyşdyrdy.

– Orsýetde golaýda bolan wakadan soň, ýurdumyzda ymamlara we umuman, dindarlara garşy çynlakaý çäreleriň görülmegine garaşylýar. Indi birnäçe gün bäri pasportlarymyzy Dini edaranyň wekiline tabşyrmaga mejbur bolduk. Çykyş pasportlaryny tabşyrmakdan boýun gaçyrýan ymamlara işden kowulmak howpy abanýar. Bahana – ymamlaryň daşary ýurda gitmeginiň öňüni almak. Sebäbi häkimiýetler käbir ymamlaryň ýurtdan çykmagyndan howatyr edýärler – diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.

Daşkentden bolan başga bir ymam hem Azatlyk bilen gürrüňdeş bolanynda, ymamlaryň we olaryň orunbasarlarynyň çykyş pasportlarynyň Özbegistanyň musulmanlarynyň Dini edarasynyň başlygy, müfti Nuriddin Holiknazarowyň buýrugy bilen ýygnalýandygyny mälim etdi we daşary ýurda çykyş pasportlarynyň zor bilen alynmagyny bikanun hasaplanýandygyna ünsi çekdi.

– Çykyş pasportlaryny haýsy kanunyň ýa-da kanuny düzgüniň esasynda elimizden alýarlar? Galyberse-de, pasporty zor bilen almaklyga kanuny jogapkärçilik bar. Bu babatda öz nägileliklerimizi bildirenimizde, bize munuň müftiniň buýrugydygyny aýtdylar – diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ymam mälim etdi.

Daşkent şäheriniň baş ymamynyň hatyp-ýardamçysy Ergaş Rustamowyň özüniň Azatlygyň žurnalisti bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, ymamlardan pasportlaryny "maglumatlary hasaba almak üçin" tabşyrmak haýyş edýärler.

– Pasportlary maglumat bazamyza goşýarys, soňra olaryň çykyş pasportlaryny yzyna berýäris – diýip, Ergaş Rustamow aýdýar.

“Bu maglumatlary ymamlaryň özlerinden soramak, olaryň pasportlaryny almakdan aňsat bolmazmy?” diýip, Azatlygyň žurnalistiniň beren soragyna Ergaş Rustamow: «Biz diňe maglumatlary alman, eýsem pasportlaryň nusgalaryny hem maglumat bazamyza alýarys» diýip jogap berdi.

Özbegistan musulmanlarynyň Dini edarasynyň wekili hem Azatlyga hakykatdan-da ýerlerdäki ymamlara şeýle hatyň iberilendigini tassyk etdi. Ýöne ol daşary ýurt pasportlarynyň alynmagynyň sebäbini düşündirmekden ýüz öwürdi.

– Ol haty nireden aldyňyz? Ol hat žurnalistleriň eline düşmeli däldi. Bu hat ýörite adamlara iberilipdi we "diňe gulluk taýdan ulanmak” üçin niýetlenipdi. Muny diňe ymamlar bilýärdi. Diýmek, haýsydyr bir ymam ony size iberipdir – diýip, musulmanlar edarasynyň wekili aýtdy.

Özbegistan musulmanlarynyň Dini edarasynyň başga bir işgäri ymamlardan daşary ýurt pasportlarynyň alynmagynyň sebäbini Azatlyga düşündirmek bilen olaryň daşary ýurtlara gitmegine gözegçilik etmäge synanyşyk däldigini subut etmäge çalyşdy.

– Entek biziň edaramyz ymamlaryň hiç biriniň daşary ýurda gitmegine päsgel bermedi. Mysal üçin, Remezan aýynda Umra syýahat üçin, iş toparyna girjek ymamlaryň atlaryny Umra iberdik, öňümizde häli Haj zyýaraty bar. Ýaňy-ýakynda ymamlar Günorta Koreýa, Russiýa we Amerika gidip geldiler. Biz olaryň pasportlaryny şeýle saparlara hemişe taýyn bolar ýaly ýygnaýarys. Şeýle-de, biz henizem çykyş pasporty bolmadyk käbir ymamlardan, bu dokumenti mümkin boldugyndan tizräk almagy haýyş edýäris. Bu bolsa ymam iş saparyna iberilende, pasportynyň hemişe taýyn bolmagy üçin edilýär. Hiç bir ymama azar berlenok. Eger-de, ymamlaryň biri özbaşdak daşary ýurda gitmek islese, ol arza ýazyp, öz pasportyny alyp, özüne ýolbaşçylyk edýän bölüme hem aýratyn arza ýazansoň, daşary ýurda gidip biler. Hiç kim onuň ýurtdan çykmagyna päsgel bermez – diýip, Dini edarasynyň wekili aýdýar.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan özbegistanly käbir ymamlar çykyş pasportlarynyň alynmagynyň sebäpleri barada, Dini edaranyň wekilleriniň düşündirişiniň sagdyn düşünjä garşy gelýändigini aýdýarlar.

– Bu aýdylýanlar hakykata laýyk gelmeýär. Ymamlar çaga däl ahyryn, sapara hemişe taýýar bolmaly diýen bahana bilen pasportlaryny elinden alar ýaly. Haja bizde iň köp bolanda, 300 ymam iberilýär. Tutuş Respublikada 2 müňden gowrak ymam-hatyp hem 5 müňden gowrak-da ymamlaryň orunbasary bar. Din edarasy ähli ymamlaryň gyzyl pasportlaryny elinden alýar. Maksat – ymamlaryň nähili maksat bilen bolsa-da, daşary ýurda gitmeginiň öňüni almakdan ybaratdyr. Mysal üçin, häkimiýetler ymamlaryň goňşy respublikalarda toýa ýa-da Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine dynç almaga gitmegini-de islemeýärler. Şonuň öňüni almak üçin, ymamlaryň gyzyl pasportlaryny elinden almak kararyna geldiler. Meniň bir tanyş ýuristimiň aýtmagyna görä, çykyş pasportlaryň mejbur edilip alynmagy kanunçylyga dogry gelmeýär – diýip, özbegistanly ymam aýdýar.

Ýatlatsak, geçen ýylyň sentýabrynda, Özbegistanyň Ministrler Kabinetinde, premýer-ministr Abdulla Aripowyň we Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Abdusalom Azizowyň ýolbaşçylygyndaky döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Maslahatyň dowamynda, ýurtda "dini radikalizmiň ösüşi" barada alada bildirildi.

Mejlise gatnaşan Azatlygyň çeşmesiniň sözüne görä, duşuşykda soňky ýyllarda ynjalyksyzlyk döredýän meýilleriň ýüze çykýandygy, döwlet işgärleriniň, hökümet agzalaryň arasynda, iş ýerlerinde namaz okaýanlaryň bardygy, şerigat nikalary esasynda, köp aýallygyň saklanýandygy we dürli dini duşuşyklara gatnaşýandyklary hakynda aýdylypdyr.

Şeýle hem biziň çeşmämiz şol duşuşykda, premýer-ministr Abdulla Aripowyň resmilerden, "ýa dini, ýa-da döwlet gullugyny" saýlamagyny talap edendigini aýdypdy. Şondan soňra Özbegistanyň birnäçe metjitlerinde azanyň sesi peseldildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG