Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda polisiýa işgärleri göknar önümçiligini ýok edýän pursady öldürildi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan sebitinde polisiýa bikanun göknar önümçiligini ýok edýän pursady, polisiýanyň kerweniniň golaýynda dörän partlamada üç ofiser öldi, başga-da bäşisi ýaralandy. Bu barada Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary 8-nji maýda habar berdi.

Sözçi Ehsanullah Kamgaryň maglumatyna görä, partladyjy bir motosikliň içinde ýerleşdirilipdir.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç bir topar öz üstüne almady.

3-4-nji maýda “Talyban” göknar önümçiligini ýok etjek bolanda, sebitde protestler tutaşdy.

Yslamçy topar Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, 2022-nji ýylyň aprelinde göknar önümçiligini gadagan etdi.

Owganystan dünýäde göknär önümçiligi boýunça öňdeligi saklaýar. Bu önümden tirýek we geroin ýaly neşe serişdeleri ýasalýar.

XS
SM
MD
LG