Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işsizlik Tagtabazarda taşlanýan, çäge basýan jaýlary köpeldýär


Otla münýän tagtabazarlylar
Otla münýän tagtabazarlylar

Iş gözläp giden tagtabazarlylaryň yzynda galan jaýlaryny çäge basýar, haýatlary ýykylan, üçekleri gyşaran, derwezeleriniň ýaryna çenli gum basan hojalyklar uruşly kinolardaky kartinalary, duşman hüjüminden soňky görnüşleri ýadyňa salýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Ýurtda gazanylýan 'üstünlikleri' gaýtalaýan TDH, dabaraly habarlaryň arasynda, käte onlarça geňeşligiň ýatyrylandygyny, onlarça obanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylandygyny tassyk edýär.

Mary welaýatyndaky habarçymyzyň ýerli hünärmenleriň hasaplamalaryna salgylanyp aýtmagyna görä, bu etrabyň ilatynyň üçden iki bölegine golaýy, güzeran aýlamak üçin başga çykalga tapman, mejbury zähmet migrasiýasyna ýüz urmaly bolýar.

“Tagtabazarlylar ýurt içinde Mary, Baýramaly, Aşgabat, Türkmenbaşy ýaly şäherlere gidip işleýärler, gowaça ekilýän welaýatlara wagtlaýyn göçüp baryp, maşgalasy bilen gowaça meýdanlarynda işleýärler. Obalarda boşap galan jaýlar köpelýär” diýip, habarçy bilen gürleşen raýat aýtdy.

Sebitdäki habarçymyz welaýatyň çet obalaryndaky şertleriň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyny, oba adamlarynyň iş, gazanç mümkinçiliginiň örän pes ýa-da ýok diýerlik derejä düşendigini geçen ýyl hem habar beripdi.

Azatlyk Mary sebitiniň Çaşgyn, Zähmet, Täze dünýä obalarynyň, Ýolöten etrabyndaky obalaryň käbiriniň, Balkan, Lebap sebitlerindäki obalaryň käbiriniň düşen gözgyny ýagdaýy barada mundan öňem habar berdi. Emma häkimiýetler işsizlik, çolarýan obalar, ýurdy terk edýän adamlar baradaky habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär.

Tagtabazar etrabyndaky şertleri öwrenen habarçymyzyň ýazmagyna görä, iş gözläp giden adamlaryň yzynda galan idegsiz öýler, ýyllaryň geçmegi bilen, tozup, dargap başlaýar, howlularyň haýatlary ýykylýar, jaýlaryň üçekleri gyşaryp, gopup, ýykylyp, göz-gülban ýagdaýa düşýär.

“Tagtabazar şäherinde ýaşaýan adamlaryň gaty azalmagy bilen birlikde, ýelli, tüweleýli günler hem köpelen ýaly boldy. Garagumdan öwüsýän we süýşýän çägäniň dowamly güýçlenmegi netijesinde, käbir hojalyklaryň derwezesiniň el tutawajyna çenli çäge basypdyr. Çägäniň, güýçli ýeliň agramyna gyşaran, ýykylan derwezeler hem barha köpelýär” diýip, Azatlygyň ýerli söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, taşlanyp gidilen jaýlary, tozan köçeleri görseň, uruşly kinolarda görkezilýän kartinalar, duşman hüjüminden soň gugaryp galan jaýlar ýadyňa düşýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen adamlar bu ýagdaýy ýurt ýolbaşçylarynyň geleňsizligi ýa-da öz işlerini düýpden bilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.

“Baş bolmasa – göwre läş diýleni” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda Tagtabazardan daşary ýurtlara giden we yzyna gaýdyp gelmeýän adamlar hem köpelipdir.

Garaşsyz neşirlerde geçen ýyl çykan habarlara görä, Migrasiýa gullugynyň Marydaky bölümine daşary ýurt pasporty üçin ýüz tutýan ýolötenli, tagtabazarly, wekilbazarly we türkmengalaly raýatlaryň nobatlary sentýabr aýynda hem “uzyn” bolmagynda galdy.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, pasport möhümini gyssagly bitirmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolan işsizler araçylara 400 dollara çenli para bermeli boldular.

Daşary ýurtlara gidenleriň yzyna gelmezligi, jaýlaryna seredip, eýeçilik edip bilmezligi düşnükli, ýöne ýurt içinde, degişlilikde has golaý ýerlerde işleýänler hem gelip, ene-atasyndan, babasyndan ýa mamasyndan galan mirasa esewan edip bilmeýärler, bu adamlaryň gaty aljyrandygyny görkezýär diýip, ýerli synçy aýtdy.

Golaýda Lebap sebitine sapar edip, uniwersitetde bilen okan ýoldaşyny görüp gelen paýtagtly diňleýjimiziň aýtmagyna görä, oba ýerlerinde boşap galan jaýlar däl, köçeler hem köpelipdir.

“Baran obamyň köçelerine aýlap görkezdiler, ‘ine, bu hojalykdan üç adam daşary ýurtda işleýär, bu jojalykdan bäş adam daşary ýurtda, bu öýdäkileriň ählisi gitdi’ diýip, giden adamlary atma-at ýatlaýarlar. Gaty köp öý boşap galypdyr” diýip, aşgabatly diňleýjimiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Tagtabazarly hünärmeniň pikiriçe, “hökümet paýtagtdan daşarda bolup geçýän zatlardan ýa bihabar, ýa-da bu dagynyklyk bilen düýpden gyzyklanmaýar”.

“Hökümet ýurtda öndürilýän tebigy baýlyklary daşary ýurtlara altyn pula satyp, häkimiýeti mümkin boldugyça uzak wagtlap elde saklamak bilen gyzyklanýar, oňa başga zat gyzykly däl” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmen metbugaty, beýleki meselelerde bolşy ýaly, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek barada kabul edilen maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini habar berýär. Ýöne, şol dabaraly habarlaryň arasynda, anyk sebäpleri aýdylmasa-da, onlarça geňeşligiň ýatyrylandygy, onlarça obanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylandygy belli bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG