Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň bir etrabynda ýer süýşmeleri boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Gyrgyzystandaky ýer süýşmelerine hepdäniň ahyrynda ýagan güýçli ýagyşlar sebäp boldy.
Gyrgyzystandaky ýer süýşmelerine hepdäniň ahyrynda ýagan güýçli ýagyşlar sebäp boldy.

Demirgazyk-günbatar Gyrgyzystanyň Talas etrabynda häkimiýetler 23-nji aprelde, dowam edýän ýer süýşmeleri we suw joşgunlary boýunça, adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Bu ýagdaýa hepdäniň ahyrynda sebite ýagan güýçli ýagyşlar sebäp boldy.

Soňky ýer süýşmeleri Ar-Jar, Kok-Kaşat we Kara-Suu obalarynda bolup geçdi. Sebitde 250 çemesi hususy ýaşaýyş jaýlaryna, şeýle-de bir köprä hem-de birnäçe ýola zyýan ýetdi.

Bir gün ozal, günorta Oş sebitinde bir adam toprak süýşmesinden, ýene bir adam bolsa ýyldyrym çakmagy netijesinde heläk bolandan soňra, häkimiýetler bu sebitde hem adatdan daşary ýagdaý yglan edipdiler.

XS
SM
MD
LG