Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Güýçli ýagyşlardan soň bolan ýer süýşmesinde bir adam heläk boldy


Gyrgyzystanyň Jalal-abad sebitinde bir adam ýaşaýyş jaýyny suwlardan arassalaýar. 21-nji aprel, 2024 ý.
Gyrgyzystanyň Jalal-abad sebitinde bir adam ýaşaýyş jaýyny suwlardan arassalaýar. 21-nji aprel, 2024 ý.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 20-nji aprelde günorta Oş sebitinde hepdäniň ahyrynda bolup geçen ýer süýşmesinde bir adamyň heläk bolandygyny habar berdi.

Alai, Kara-Kulja, Ozgon we Kara-Suu etraplarynda ýer süýşmesi zerarly birnäçe ýol ýapyldy.

Günorta Jalal-Abad sebitinde 45 hojalyga Barpy obasynda bolsa dört sany hususy ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi.

Goňşy Özbegistanyň günorta Samarkand sebitinde hepdäniň ahyrynda ýagan güýçli ýagyş ýer süýşmelerine we suw joşmalaryna sebäp boldy. Ol ýerde adam pidalary barada resmi taýdan habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG