Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ministri Türkmenistanyň çäginden geçmegiň kyndygyny aýdýar


Türkmen serhedinde saklanan täjik ulaglary. Arhiw suraty
Türkmen serhedinde saklanan täjik ulaglary. Arhiw suraty

Gazagystanyň transport ministri Marat Karabaýew harytlary Türkmenistanyň çäginden geçirmegiň kyn bolýandygy aýtdy diýip, “Turkmen.news” neşiri 24.Kz teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.

24.Kz teleýaýlymy Ermenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, Hytaýdan Ermenistana haryt getirmek mümkinçiligi barada gepleşik taýýarlady.

“Ulaglarymyz Türkmenistanyň, Eýranyň we soňra Ermenistanyň çäginden geçýär. Ýöne bu ýerde käbir meseleler bar, mysal üçin, Türkmenistanyň çäginden geçmek üçin wiza talap edilýär. Biz bu meseläni Aşgabat ylalaşygynyň çäginde ara alyp maslahatlaşýarys" diýip, Karabaýew aýdypdyr.

Bu habar 16-njy aprelde, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde, BMG-niň baş edarasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygynyň geçirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistana barmak we onuň çäginden geçmek üçin dünýäniň bar ýurdunyň raýatyndan wiza talap edilýär. Emma Aşgabat, beýleki ýurtlaryň wizasyz gatnaşyklary, syýahatçylygy we söwdany barha giňeltmek tagallasyny edýän wagtynda, Türkiýe ýaly, ozal wizasyz gatnaşygy bolan ýurtlaryny hem wizaly gatnaşyga geçmäge itekleýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistan ýurduň uly transport, tranzit mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG