Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran owgan bosgunlaryna garşy tagallalaryny güýçlendirmegi planlaşdyrýar


Eýrandan Owganystana deportasiýa edilen owgan bosgunlary (arhiw suraty)
Eýrandan Owganystana deportasiýa edilen owgan bosgunlary (arhiw suraty)

Eýran geçen ýylyň dowamynda ýurtdan 1.3 million daşary ýurtlyny çykarandygyny aýdýar. Bu häkimiýetleriň hasaba alynmadyk migrantlara, esasan hem owgan bosgunlaryna garşy alyp barýan giň gerimli kampaniýasyny äşgär edýär.

Içeri işler ministri Ahmad Wahid daşary ýurtlylary düzgünleşdirmek üçin tagallalaryň güýçlendirilmelidigini, serhet geçelgelerindäki gözegçiligi berkitmek we rugsat berilmedik migrantlaryň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin kanuny reformalaryň zerurdygyny aýtdy.

“Rugsat berilmedik raýatlaryň Eýrana girmeginiň öňüni almak üçin, parlamentde degişli kanunlara üýtgetmeleriň girizilmegi zerurdyr” diýip, Wahidi aýtdy. Bu çykyş häkimiýetleriň hukuk goraýjylaryň has adalatly migrasiýa syýasatyny ornaşdyrmak baradaky çagyryşlaryny berjaý etmegi göz öňünde tutmaýandygyna çalym edýär.

Wahidi ýurtdan deportasiýa edileninden soň, täzeden Eýrana girmegi başaran şahslar bilen baglylykda has “täsirli” kanunlaryň zerurdygyny hem sözüne goşdy. Emma jikme-jik maglumat bermedi.

Eýranyň häkimiýetleri “rugsat berilmedik raýatlar” diýen söz düzümini, adatça, owgan bosgunlaryny göz öňünde tutup ulanýarlar. Wahidiniň bellikleri eýran häkimiýetleriniň Owganystandaky “Talyban” režiminden gaçyp gelenleri deportasiýa etmegini dowam etdirjekdigine yşarat hökmünde kabul edildi.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň maglumatyna görä, Eýranda 3.4 million daşary ýurtly bosgun bolup, owganlar olaryň iň uly bölegini düzýär.

XS
SM
MD
LG