Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran başga pikirli bagşyny ölüm jezasyna höküm etdi


Toomaj Salehi 
Toomaj Salehi 

Eýranyň dissident rapçysy Toomaj Salehi Isfahan kazyýeti tarapyndan ölüm jezasyna höküm edildi diýip, onuň aklawçysy 24-nji aprelde eýran gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Salehi mundan öň, 2022-nji ýylda ýurdy birnäçe aýlap sarsdyran protestlere gatnaşandygy üçin, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Salehiniň aklawçysy Amir Raisian reforma tarapdar “Şark” gazetine beren interwýusynda öz müşderisiniň täze aýyplama esasynda, “ýerdäki korrupsiýa” üçin ölüm jezasyna höküm edilendigini aýtdy. Ol kazyýetiň kararynyň üstünden şikaýat etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG