Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň daşary işler ministri Daşkentde özbek kärdeşi bilen gepleşik geçirdi


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron

Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron 23-nji aprelde Daşkentde özbek kärdeşi Bahtiýor Saidow bilen sebit howpsuzlygy, bilim, howanyň üýtgemegi, ikitaraplaýyn söwda we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen gepleşikleri geçirdi diýip, özbek mediasy habar berýär.

Kameron sebitiň 37 million ilaty bolan iň köp ilatly ýurduna ugramazdan biraz öň, Gyrgyzystanda we Täjigistanda ýokary derejeli resmiler bilen birmeňzeş gepleşikleri geçirdi.

Britan ministri özüniň Merkezi Aziýa saparynyň dowamynda Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa hem sapar eder.

XS
SM
MD
LG