Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Britaniýa Gazagystan bilen has içgin hyzmatdaşlyga açyk” diýip, Kameron Azatlyga aýtdy


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Astanada Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna interwýu berýär. 25-nji aprel.
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Astanada Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna interwýu berýär. 25-nji aprel.

Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, öz ýurdunyň Gazagystan bilen has içgin hyzmatdaşlygy gurmaga açykdygyny aýtdy.

25-nji aprelde Astanada geçirilen söhbetdeşlikde, Kameron Gazagystanyň Russiýa we Hytaý bilen bar bolan baglaryny saklamak bilen birlikde, onuň “Britaniýa bilen has içgin hyzmatdaşlyga ýola goýmak boýunça mümkinçiliginiň” hem bardygyny belledi.

“Meniň pikirimçe, bizde eýýäm bilim, biznes, ykdysadyýet, söwda, syýasy ugurlar boýunça gowy hyzmatdaşlygymyz bar. Men bu ýere 13 ýyl ozal gelenimden bäri, ösüşi görýärin. Bellemeli ýeri, biz meýletin hyzmatdaş, eger-de karar bermek isleseňiz, bu karary edip bilersiňiz” diýip, Kameron aýtdy.

Mundan bir gün öň, Kameron gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň dowamynda, şol sanda, gazak hökümetiniň Gazagystanyň daşary ýurtlardaky bikanun ýagdaýda alnan serişdelerini yzyna gaýtarmak boýunça alyp barýan tagallalary hem maslahat edildi.

XS
SM
MD
LG