Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy oppozisiýa syýasatçynyň tussaglygy bilen bagly şikaýatyny ret etdi


Adakhan Madumarow (arhiw suraty)
Adakhan Madumarow (arhiw suraty)

6-njy maýda Bişkegiň sudy “Birleşen Gyrgyzystan” oppozision partiýasynyň lideri Adakhan Madumarowyň özüniň tussaglykda saklanmagy bilen bagly şikaýatyny ret etdi. Bu onuň wagtyndan has giç tabşyrylandygy bilen delillendirildi.

Martyň aýagynda sud Madumarowy maliýe galplyklarynda, şeýle-de 2009-njy ýylda ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy bolan döwründe baglaşylan gyrgyz-täjik serhet ylalaşygynda Gyrgyzystanyň bähbitlerini gözden düşürmekde günäli tapdy.

Bişkegiň sudy möhlet müddetiniň dolmagy sebäpli oňa höküm çykarmady, emma netije 26-njy aprelde güýje girýänçä onuň tussaglykda bolmalydygyny aýtdy.

Madumarow aýyplamalary “esassyz” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG